Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda tussaglykdaky aktiwistiň şikaýatyna garalýar


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň günortasyndaky Taş-Kumyr şäher sudunda adam hukuklaryny goraýjy etniki özbek aktiwisti Azimjan Askarowyň şikaýat arzasyna garamak boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Azimjan Askarowyň işine şikaýat sudunda garalmagyna çagyryş edip ynsan hukuklaryny goraýjy köpsanly aktiwistler çykyş edipdiler. Olar Azimjan Askarowa garşy ýerliksiz jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini öňe sürýärler.

Ýakynda Gyrgyzystanyň sudy Azimjan Askarow bilen bilelikde ýene dört sany etniki özbek raýatyny etniki bulagaýçylyklara meçew bermekde hem-de bir milisiýa işgärini öldürmekde günäli diýip yglan edip, olary ömürlik türme tussaglygyna höküm edipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Askarow özüniň bu gürrüňi edilýän jenaýat işlerine asla dahylly däldigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG