Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hökümet maslahaty geçirildi


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönüminiň bosagasynda hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahatda parlamentiň başlygy we wise-premýerler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada prezident Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Wise-premýer M.Akmämmedow oba-hojalyk işleriniň barşy barada eden çykyşynda Türkmenistanda barýan pagta ýygym kampaniýasynda şu günki güne çenli 1 million 70 müň tonnadan hem gowrak pagta hasylynyň ýygnalyp, göz öňünde tutulan döwlet planynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini yglan etdi.

Onuň hasabatyna görä, pagta plany häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatyndan beýleki ähli welaýatlarda artygy bilen berjaý edilipdir.

Ýaňy-ýakynlara çenlem Türkmenistanda her ýyl 2 million tonnadan hem geçirilip pagta plany bellenilýärdi. Ýöne spesialistler mundan ozalky ýyllarda pagta hasyly barada görkezilip gelnen sanlaryň çakdanaşa çişirilen sanlardygyny aýdýarlar.

Düýn hökümet maslahatynyň yzy bilen, Aşgabatdaky Döwlet drama teatrynda halk-hojalygynyň dürli pudaklarynda öz zähmetleri bilen tapawutlanan adamlara döwlet sylaglaryny we baýraklaryny gowşurmak çäresi hem geçirildi.
XS
SM
MD
LG