Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk režimi


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän günleri jemgyýetçilik tertibini aýratyn bir režimde saklamagy ýurduň güýç ulagyjy gurluşlaryndan talap etdi. Ony köpçülikleýin habar serişdeleri “baýramçylygy we türkmenistanlylaryň şadyýan keýpini hiç zadyň bozmazlygy üçin” diýip delillendirdi.

Prezidentiň bu berk talabynyň arkasynda nämeleriň gizlenip ýatandygyna ýurduň graždanlary, diňe bir olaram däl, daşardan gelen adamlaram gaty gowy düşünýärler. Ol ozaly bilen ýörite gulluklaryň, içeri işler edaralarynyň, serhet we gümrük gulluklarynyň işgärleriniň eger şübheli görünse, islendik hereketiň öňüni almakda uly ygtyýarlyklara eýedigini aňladýar. Iş ýüzünde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän döwri ýurt özboluşly harby ýagdaýa geçýär.

Eýýäm bu ýörite režimiň ilkinji alamatlary özüni görkezip başlady. Daşary ýurt habar serişdelerinde Gazagystanyň Mangustau oblast gümrük gullugyna salgylanmak bilen Türkmenistanyň birtaraplaýyn iki ýurt arasyndaky serhedi ýapandygyny habar berdiler. Bu görkezme 1-nji nobýara çenli dowam edip, Gazagystandan ýeňilleşdirilen režimde Türkmenistana daşary ýurtlularyň gelmegine gadaganlyk saklanar. Garaşsyzlyk güni bilen baglanyşykly Türkmenistanda ýene nähili çäklendirmeleriň girizilýändigi belli däl.

Gorky

Şeýle çäklendirmeler bardyr. Ýöne olar her bir anyk ýagdaý, şol ýagdaýyň talaplaryna görä güýç ulanyjylar tarapyndan ýapyk režimde işlenip özleşdirilmeli. Elbetde, güýç ulanyjy gurluşlaryň aýratyn alyp barýan işleri barada maglumat berilmeýär. Şol ýapyklyk dolandyryş sistemasy, onuň işi bilen bagly. Aslyýetinde olaryň ýerine ýetirýän öňüni alyp baryş işleri Garaşsyzlyk gününiň many-mazmunyna düýbünden ters gelýär.

Garaşsyzlyk güni - bu hakykatda imperiýanyň zulumyndan halkyň garaşsyz bolandygyny aňladýar. Netijede, halk başga bir repressiw režimiň penjesine düşdi, bu işde ýurduň ýörite gulluklarynyň hyzmaty az däl ýa-da olaryň oýnaýan roly soňkularyň biri däl. Hut ýörite gulluklaryň kömegi bilen adamlaryň ýüregine uly gorky yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol gorky Saparmyrat Nyýazow döwründe ekilipdi, çuňdan kök urupdy.

Ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň derejesinde tertip-düzgüni berjaý etmek barada berlen täze, goşmaça buýruk gerek bolsa-bolmasa güýç ulanyjylary köçülikleýin bu işe çeker. Güýç ulanyjy gurluşlary şunuň ýaly adatdan daşary bir çärä çekmek beýleki ýurtlarda, adatça, uruş ýagdaýynda amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk güni türkmen häkimiýetleri kim bilen söweşjekkä? Baýram güni bir döwlet gorkusyny duýmazdan oňup bolmazmy?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG