Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek ugrunda soňky döwürde köp işleriň edilýändigi habar berilýär. Ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň hökümet tarapyndan goldanmagyna degişli kanun kabul edildi. Ýöne synçylar bu edilýän işlere garamazdan, hususy pudagyň ösüşiniň haýal gidýändigini belleýärler.

Türkmenistanda orta we kiçi biznesiň ýagdaýy barada soňky döwürde hökümet tarapyndan edilýän aladalaryň artandygyna garamazdan, bu ugurdan entek köp işiň edilmelidigini synçylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Mary welaýatynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, öňki döwür bilen deňeşdirilende, häzir öz firmaňy açyp ýa-da patent-lisenziýa alyp, işlemek meselesi köp aňsatlaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşlarynda hususy pudagyň ösdürilmegine hökümet tarapyndan köp üns berilýändigini birnäçe gezek aýtdy. Emma aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi barada hökümet tarapyndan köp alada edilýändigine garamazdan, öňümçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň azdygyny aýdýar.

Şol bir wagtda-da A.Bugaýew kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň köpçüligine giň ýoluň açylmaýandygyny öňe sürýär. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler bileleşigine jaň edip, Türkmenistanda orta we kiçi biznesiň ýagadaýy bilen gyzyklandy. Emma olar bu barada öz pikirlerini beýan etmekden saklandylar.

Telekeçilere näme päsgel berýär?

Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki işgäri, ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, Türkmenistanda sermaýany kepillendirýän halkara şertnamalara türkmen tarapynyň gol çekmeýändigi diňe daşary ýurt maýadarlaryny däl, eýse ýurduň içinde hem önümçiligi ýola goýmak isleýän telekeçileri ürküzýär.

“Şol sebäpden orta we kiçi telekeçilik bilen meşgullanýanlar ýa söwda-satyga baş urýarlar ýa-da halka dürli hyzmatlary hödürleýän pudakda işleýäler. Ýagny, telekeçi belli bir adalatsyzlyk ýüze çykan halatynda suda ýa-da halkara arbitražynа ýüzlenip, telekeçiligi üçin ýatyran maýasyny gaýtaryp alyp biljekdigine bil baglap bilmese, şeýle ýagdaýda önümçilige inwestisiýa etjekler az bolar” diýip, A.Hajyýew aýdýar.

Häzir Türkmenistanda önümçilik bilen meşgullanýan iri kompaniýalary, köp halatda ýokary wezipeleri eýeleýänleriň goldaýandyklaryny ýerli synçylar aýdýarlar. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Dadaýewiň we onuň töweregindäki adamlariň hökümet tarapyndan goldanýandyklaryny tassyklaýar.

Ýazyjy A.Bugaýew: “Olara aýratyn bir ýenillik döredildi. Indi olaryň monopoliýasy döredilip başlandy ýurtda. Meselem, Dadaýewiň özüniň eýeçiliginde guş toplumy bar. Bir ýylda 3 müň tonnadan gowrak guş etini öndürýar. Ya “Bereketli” diýýän firma ak önümlerini öndüryar. Bu firmany hem hökümet goldaýar” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Reforma we korrupsiýa

Baýmyrat atly türkmenistanly yaş ykdysatçy telekeçiligi ösdürmek üçin ilki bilen telekeçilere kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin az möçberde ýeňillikli kredit-karz pulunyň berilmelidigini nygtaýar. Ýaş spesialist türkmen banklaryndan henize çenli kredit almagyň gaty kyndygyny, ýagny karzyna pul almak üçin hökmany suratda girew talap edilýändigini aýdýar.

Ýewropada ösüş we dikeldiş bankynyň şu ýylyň maý aýynda beren maglumatynda Türkmenistanda hususy pudaga kredit bermek meselesiniň heniz çözülmändigi aýdylýar. Bu bankyň wekili Heike Harmgard Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde mikrokredit berýän banky açmak barada türkmen tarapy bilen gepleşik geçirýändiklerini, hususy pudak üçin bu meseläniň örän möhümdigini nygtapdy.

Bilermenleriň pikiriçe, Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmegiň öňünde uly böwet döredýän wajyp meseleleriň biri hem korrupsiýa, parahorluk we garyndaşparazlykdyr. Ýagny, ýurtda yglan edilýän tenderleriň aç-açan geçirilmeýändigi sebapli telekeçilere ösmäge deň mümkinçilik döredilmeýär. Köp halatda “ýokardakylaryň ugruny tapyp bilýän” telekeçileriň işi şowly bolýar diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Türkmenistanly ýazyjy A.Bugaýewiň nygtamagyna görä, bu kynçylyklaryň köpüsini çözmek üçin metbugat azatlygyna ýöl berilmegi zerur. “Halkyň özi hem graždan jemgyýetiniň ösdürilmegi ugrunda hereket etmek bilen bir hatarda has aktiwleşip, öz kanuny hak-hukuklaryny talap etmegi başarmaly”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG