Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistanda bikanun dini mekdepleriň üsti açyldy


Täjigistanyň günorta Hatlon welaýatynda soňky hepdäniň dowamynda 20-den gowrak bikanun dini mekdepleriň üsti açyldy. Şol mekdeplerde 190-dan gowrak okuwçylaryň okadandygy habar berildi.

Hatlon welaýatynyň polisiýa başlygy Abdurahmon Buzmakowyň aýtmagyna görä, şol mekdepleriň köpüsi mollalaryň öýlerinde gurnalypdyr.

Tussag edilen 20 adamyň mugallymçylyk etmek boýunça degişli rugsatnamasynyň ýokdugy aýdylýar.

Täjigistanyň prezidenti we bilim ministri daşary ýurduň dini ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň terrorist bolmagynyň öňüni almak üçin, ene-atalardan çagalaryny yzyna çagyrmaklaryny sorady.
XS
SM
MD
LG