Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýadaky ýer yranmada 23 adam öldi


Indoneziýanyň resmileriniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, düýn Sumatra adasynda bolan ýer yranma zerarly dörän deňiz tupany sebäpli 23 adam ölüpdir we azyndan 160 adam dereksiz ýitipdir. Olaryň aglaba bölegi aýallardan we ýaş çagalardan ybarat.

Rihteriň ölçegi bilen 7,5 balla deň bolan ýer yranma sebäpli dörän deňiz tupanynda Betu – Monga obasynyň köp jaýlary weýran boldy.

2004-nji ýylyň dekabr aýynda Indoneziýada 9 ball derejesinde bolan ýer yranma netijesinde dörän deňiz tupany 226,000 adamyň ölmegine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG