Sepleriň elýeterliligi

Çiliniň prezidenti nasist şygaryny ýazandygy üçin ötünç sorady


Çiliniň prezidenti Sebastýan Piýera Germanýa eden saparynyň çäginde nasist şygaryny ýazandygy üçin ötünç sorady.

Sebastýan Piýera Germanýanyň “hormat kitabynda” Gitleriň 3-nji reýhinde ýörgünli bolan “Germaniýa hemmelerden üstün” diýen şygary ýazgy edipdir. Bu şygar II Jahan urşy tamamlanandan soňra, Germaniýanyň resmi şygarlarynyň hataryndan aýrylypdyr.

Sebastýan Piýera düýnki eden çykyşynda bu şygary mekdepde öwrenendigini we onuň Germanýanyň “gara geçmişine” degişlidigini bilmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG