Sepleriň elýeterliligi

Eýran Owganystana pul kömegini berendigini tassyklady


Şu gün Eýranyň resmileri Owganystana pul kömegini berendiklerini tassykladylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, Eýranyň hökümeti Owganystandaky durnuklylyk barada aladalanalyp, pul kömegini beripdir.

Bu barada düýn Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem çykyş etdi. Karzaý prezidentiň ýyllyk sowalgysy üçin Eýranyň 975,000 çemesi dollar pul berlendigini mälim etdi we munuň hiç haçan gizlin saklanmandygyny belledi.

Ak Tamyň resmileri Eýranyň Owganystana edýän oňaýsyz täsirine alada bildirdiler. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly şeýle diýdi: “Eýranyň Owganystana maliýe kömegini bermegine ýa-da Owganystanyň şeýle kömekleri kabul etmegine hiç hili garşylygymyz ýok. Ýöne, biziň pikirimizçe, Owganystanyň öz geljegini goňşularynyň negatiw täsirine düşmezden kesgitlemegi möhüm”.
XS
SM
MD
LG