Sepleriň elýeterliligi

Yragyň öňki premýer-ministri ölüm jezasyna höküm edildi


Yragyň mediasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu gün Yragyň ýokary jenaýat sudy öňki daşary işler ministri we premýer-ministriň orunbasary Tarik Azizi ölüm jezasyna höküm edilipdir.

Suduň metbugat edarasynyň aýtmagyna görä, Taryk Aziz yslam partiýalaryny yzarlamakda aýyplanypdyr.

Kanuna görä, suduň karary ýerine ýetirilmezden ozal bu kanuny prezidentiň diwany tassyklamaly.

Taryk Aziz dini boýunça hristian. Ol 1983-nji ýylda Yragyň daşary işler ministri wezipesine bellenildi, 1991-nji ýylda bolsa Yragyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary boldy.

Suduň karary bilen Saddam Huseýniň başga-da iki sany ýarany ölüm jezasyna höküm edilipdi. Olar ýurduň öňki içeri işler ministri Saadoun Şaker we Saddam Huseýniň sekretary Abid Hamuddyr.
XS
SM
MD
LG