Sepleriň elýeterliligi

Hindistan Türkmenistana iki sany pil ibermekçi


Hindistanyň daşky gurşaw boýunça ministri Jairam Rameşiň aýtmagyna görä, türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Hindistan iki sany pili Türkmenistanyň haýwanat bagyna wagtlaýynça iberer. Bu barada Hindistanyň PTI habar agentligi aýdýar.

Rameşiň bellemegine görä, Türkmenistan ilki başda pilleri öz haýwanat bagyna hemişelik ibermegi sorapdyr, emma Hindistanda pilleri sowgat bermegiň gadagandygy sebäpli, haýwanat baglarynyň arasyndaky alyş-çalyş programmasy esasynda olaryň wagtlaýyn ugradylmagy karar edilipdir.
XS
SM
MD
LG