Sepleriň elýeterliligi

Akwariumda saklanýan meşhur Paul atly osminog öldi


Şu gün Paul atly osminog öldi. Bu osminog Afrikada geçen futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň netijelerini anyk bilmegi başarypdy.

Paul Germanýanyň Oberhausen şäherinde akwariumda saklanýardy. Onuň ölümi uly gynanç bilen şu gün yglan edildi.

Osminog 2010-njy ýylyň futbol çempionatynda özünden soralan 8 oýnuň netijelerini öňünden bilmegi başarypdy.

Paulyň jesedi häzir doňdurlan ýagdaýda akwariumda saklanýar.
XS
SM
MD
LG