Sepleriň elýeterliligi

Legatum institutynyň baýlyk we abadançylyk indeksiniň 2010-njy ýyl boýunça hasabatynda Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropanyň köp ýurtlarynyň saglyk we bilim programmalarynyň gowudygy, ýöne olaryň dolandyrylyşynyň ýaramazdygy, korrupsiýa derejesiniň barha ýokarlap, halkyň döwlete bolan ynamynyň gitdigiçe aşaklaýanlygy aýdylýar.

Britaniýada ýerleşýän Legatum institutynyň barlag we programma analitigi Jiehae Çoý ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Bu ýurtlaryň köpüsinde saglygy goraýyş we bilim güýçli, ýöne dolandyryş pes. Bularda üpjünçiligi ýokarlandyrýan saglyk we bilim. Olary peseldýän-de dolandyryş ýagdaýynyň gowşakdygy, korrupsiýa, sud häkimiýetlerine ýa saýlawlara ýeterlik ynam edilmeýänligi, şeýle hem işi netijesiz, gümürtik hökümetler”.

Indekse ölçeg bolup hyzmat eden ugurlar - ykdysadyýet, iş mümkinçilikleri, dolandyryş, bilim, saglygy goraýyş, howpsuzlyk we şahsy erkinlikler we sosial baýlyk. Indeksde barlanan ýurtlaryň jemi sany 110. Türkmenistandaky barlag mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy sebäpli, bu ýurt hasabata girizilmedi.

60-njy orundan aşakda ýerleşýän ýurtlaryň hemmesi öten ýylky ornundan ýene aşaklapdyrlar. Mysal üçin Orsýet 62-den 63-nji, Ukraina-da 63-den 69-njy orna geçipdir. Öten ýyl 107-nji orunda bolan Pakistan indi 109-njy orunda dur. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň gepleşik berýän 10 ýurdunyň içinde iň uly özgerişi başdan geçiren Özbegistan. Ol 65-nji orundan 76-njy orna gelipdir.

Halkyň razylygy

Legatum institutynyň ýokary derejeli işgäri Aşleý Lenihanyň aýtmagyna görä, käbir ýurtlarda aşaklama sebäp bolan zat ykdysadyýetiň pese düşmegi. Ýöne pul ähli meseläniň çözgüdi däl. Mysal üçin, global maliýe krizisinden agyr zyýan çeken Irlandiýa bilen Islandiýa 110 ýurduň arasynda 11-nji we 12-nji orunlary eýeleýärler. Muňa sebäp bolýan – ýokary derejedäki şahsy erkinlik, bilim, saglygy goraýyş we oňat doladyryş.

“Biziň gelen netijelerimiz boýunça, adamlaryň şat durmuşyna täsir edýän maddy üpjünçilikden daşgary, halkyň umumy ýagdaýdan razydygy-da, ykdysady ösüşi ilerledýär. Ilat baýlyga we abadançylyga hemme taraplaýyn çemeleşse, olaryň gelejekde işiniň oňuna bolmak mümkinçiligi hem artýar” diýip, Legatum institutynyň ýokary derejeli işgäri A.Lenihan belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, käbir ýurtlarda ykdysady ösüş ýokary bolsa-da, adamlaryň özlerini bagtyýar duýmagyna başga faktorlar zyýan ýetirýär. “Biziň gelen netijelerimize görä, Braziliýa, Orsýet, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlar üçin ýeke ykdysady ösüş ýeterlik däl. Hemmetaraplaýyn üpjünçilik babatda aýdanyňda, bu ýurtlaryň tutuş içerki önümi artsa-da, saglygy goraýyş, bilim, şahsy erkinlik we howpsuzyk ýaly zatlarda bar bolan kemçilikler olaryň derejesini peseldýär” diýip, Lenihan aýdýar.

Indeksde gelnen netijeleriň ýene biri-de - Ýewropada-da gündogar bilen günbataryň hem-de demirgazyk bilen günortanyň arasyndaky tapawutlaryň barha artýanlygy.
XS
SM
MD
LG