Sepleriň elýeterliligi

26-njy oktýabrda paýtagtyň merkezinde ýerleşýän «Olimpiýa» stadionynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

30 müň orunlyk «Olimpiýa» stadiony tomaşaçylardan hyryn-dykyn dolduryldy. Stadiondaky baýramçylyk dabarasyna diňe bir paýtagtyň ýaşaýjylary däl, eýsem hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem köpsanly daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyplaryň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan çykyşlar guraldy. Çykyşlaryň ählisinde “Galkynyş zamanasy” wasp edildi, Türkmenistanyň prezidentiniň tarypy ýetirildi. Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda ýurduň prezidentiniň ady «Arkadag» diýlip getirildi.

«Olimpiýa» stadionyndaky baýramçylyk dabarasy ýurduň ähli telekanallarynda göni efirde görkezildi. Baýramçylyk dabarasy feýrwerkleriň atylmagy bilen tamamlandy.

“Medeni çäreçiler” ýetik

Türkmenistanda şular ýaly uly göwrümli dabara ilkinji gezek 1997-nji ýylyň 27-nji oktaýabrynda geçirilipdi. Şol gün paýtagtda täzeden rekonstruksiýa edilen «Köpetdag» stadiony açylypdy we ol ýerde ýurduň garaşsyzlyk güni mynasybetli köpçülikleýin dabara geçirilipdi. «Köpetdag» stadionyndaky dabara ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem gatnaşypdy.

Ilkinji gezek geçirilýän stadiondaky şol dabarany guramak üçin daşary ýurtlardan režissýorlar, guramaçylar çagyrylypdy. Sebäbi bu meselede türkmenleriň tejribesi ýokdy.

Stadiondaky goýulýan köpçülikleýin dabaralary gurnaýjy türkmen režissýorlarynyň ýüze çykyp ugramagy bilen, şeýle çäreleriň sany köpeldilip başlandy. Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününden başga, Bitaraplyk gününde-de, Baýdak gününde-de stadionda uly möçberde baýramçylyk dabarasy gurnalýar.

Hysyrdysy uly

Stadiondaky baýramçylyk dabaralary ilki «Köpetdag» stadionynda geçirilen bolsa, soňky on ýylyň dowamynda bu çäre diňe «Olimpiýa» stadionynda guralýar. «Köpetdag» stadiony baýramçylyk dabarasynyň repetisiýalaryny geçirmek üçin ulanylýar.

Häzirki wagtda ýurtda bellenilýän esasy üç baýramlarda stadion dabaralary geçirilýär. Soňky iki ýylyň dowamynda şeýle dabaralar diňe paýtyagtyň stadionynda däl, eýsem welaýat stadionlarynda-da geçirilip başlandy.

Baýramçylygyň üç-dört gün öňünden ýurduň ähli welaýatlaryndaky stadionlarynda dabaralar geçirilýär. Welaýatlarda birki ýyllykda gurlan on müň orunlyk stadionlardaky geçirilýän dabaralaryň şowhuny edil paýtagtdaky ýaly bolmasa-da, onuň guramaçylyk işleriniň hysyrdysynyň juda ýetikdigini bellemän geçip bolmaz.

Juda köp çykdajyny talap edýär

Stadionda geçirilýän bu dabaralara döwlet tarapyndan ummasyz pul serişdeleri goýberilýär. Çärelere gatnaşýan adamlaryň sanynyň ýyl geldigiçe artdyrylmagy çykdajylaryň mukdaryny-da artdyrýar.

Stadion dabarasy uly çäre. Oňa iki aý öňünden taýýarlyk görlüp başlanýar. Çykyş etjekleriň egin-eşikleri eýýäm bir aý öňünden taýýarlanylyp ugralýar.

Baýramçylyk dabarasynyň başlanmagyna on gün galanda paýtagta welaýatlardan dabara gatnaşyjylar gelip başlaýarlar. Welaýatlardan gelenleriň ýol çykdajysy, jaý, iýmit üpjünçiligi — bularyň ählisi döwletiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Baýramçylyk günlerinde stadionda gurnalýan dabaralara döwlet tarapyndan näçe pul serişdesiniň goýberilýändigi barada resmi maglumat bolmasa-da, ol puluň juda köpdügini aýdýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG