Sepleriň elýeterliligi

Korrupsiýanyň Indeksi 2010


Türkmenistanda iri proýketleri amala aşyrmak hukugyna eýe bolmak, gurluşygy ýerine ýetirmek, proýektleriň bahasyny kesgitlemek bilen bagly meseleler açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde çözülýär.

Türkmenistanda iri proýketleri amala aşyrmak hukugyna eýe bolmak, gurluşygy ýerine ýetirmek, proýektleriň bahasyny kesgitlemek bilen bagly meseleler açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde çözülýär.

“Transparency International” guramasy “Korrupsiýanyň indeksi” hasabatynyň şu ýylky sanyny ýaýratdy. 26-njy oktýabrda çap edilen hasabatda dünýäniň 178 ýurdundaky korrupsiýanyň derejesine syn edilýär.

Bu ýyl hem Türkmenistana ýene-de korrupsiýanyň iň ýokary derejede saklanýan ýurdy hökmünde baha berilýär. Guramanyň hasabatyna laýyklykda, dünýä derejesinde Türkmenistandan has korrumpirlenen ýurtlar: Yrak, Owganystan, Mýanma we Somalidir.

“Transparency International” guramasynyň 178 ýurdy öz içine alýan “Korrupsiýanyň Indeksi 2010” hasabatynda Türkmenistan 172-nji orunda ýerleşýär. Türkmenistana Özbegistan we Sudan bilen deň baha berlip, bu ýurtlaryň korrupsiýa indeksi 1,6 ball diýlip kesgitlenilýär.

“Transparency International” guramasyndan Huanita Rianonyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 10 ball ýurtlaryň korrupsiýadan azatlygyny görkezýän bolsa, 2 ball ýagdaýyň agyrlygyny habar berýär. Türkmenistana berlen baha bolsa ýurtda korrupsiýanyň möçberiniň çakdanaşa uludygyny aňladýar.

“Transparency International” guramasynyň “Korrupsiýanyň indeksiniň” 2008-nji we 2009-njy ýyllar boýunça hasabatlarynda Türkmenistandaky korrupsiýanyň derejesi 1,8 ball diýlip görkezilipdi. Bu bolsa Türkmenistanda korrupsiýanyň möçberiniň ozalkysyndan köpelendigini aňladýar.

Zyýany uly

Türkmenistanda korrupsiýa problemasyna, onuň sebäplerine we ýetirýän zyýanyna döwlet derejesinde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde açyk garalmaýar. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet ýolbaşçylarynyň onlarçasy parahorlukda aýyplanyp, wezipelerinden boşadylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Häzirki wagtda ösüş syýasatyny giňden yglan edýän Türkmenistana ýurtda ornaşan korrupsiýanyň hemmetaraplaýyn zyýan ýetirýänligini, onuň ýurduň sosial durmuşyndan başlap, daşary ykdysady gatnaşyklaryna çenli täsir edýänligini ýerli synçylar we ykdysady analitikler belleýärler.

Resmi maglumatlara görä, gurluşyk pudagy Türkmenistanyň iň güýçli depginde ösýän ugurlarynyň biri. Iri proýketleri amala aşyrmak hukugyna eýe bolmak, gurluşygy ýerine ýetirmek, proýektleriň bahasyny kesgitlemek bilen bagly meseleler açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde çözülýär.

Emma çylşyrymly ýagdaýlaryň munuň bilen çäklenmeýär. “Adamlar welaýatlardan gelip, gije-gündiz zähmet çekýärler, emma olara ujypsyz aýlyk tölenýär. Bu ýerde korrupsiýa bar. Hakyky aýlyk garyndaşlara, tanyş-bilişlere, obadaşlara tölenýär” diýip, türkmenistanly zenan aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýaşaýjylary döwlet tarapyndan berilýän pensiýalaryň möçberiniň hem adamlaryň bütin ömrüniň dowamynda çeken zähmetine däl-de, degişli ýolbaçylara berilýän paranyň möçberine baglydygyny aýdýarlar.

Kompaniýalary hem gaçyrýar

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýolbaşçylary halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek islegini yglan edýärler we ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge çalyşýarlar. Emma hut korrupsiýa ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyna we maýa goýumlaryň uly möçberde ýurda gelmegine uly zyýan ýetirýär.

Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly döwlet uniwersitetiniň ykdysadyýet we halkara gatnaşyklar boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsewiň bellemegine görä, awtoritar ýurtda ähli kararlar bir adamyň garamagynda bolup, daşary ýurt maýa goýumlary hem şonuň islegine görä sarp edilýär.

“Şeýle ýagdaý abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin işleşmegine we bu ýurtda öz maliýe serişdelerini ýatyrmagyna zyýan ýetirýär” diýip, A.Suzdaltsew aýdýar. Bilermenler ýurtlaryň ýapyklygynyň we awtoritarizmiň korrupsiýanyň ösmegine şert döredýänligini hem belleýärler.

Hökümetler dünýäniň maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlykdan başlap, howanyň üýtgemegi we garyplyk ýaly agyr problemalary çözmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini sarp edýärkä, korrupsiýa möhüm maksatlara ýetmegiň ýolunda böwet bolýar diýip, “Transparency International” guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

“Korrupsiýanyň Indeksi 2010” hasabatyna girizilen ýurtlaryň dörtden üç bölegi ortaça korrupsiýa derejesinden pesde ýerleşýär we problemanyň agyrlygyndan habar berýär. Hasabatda ulanylan maglumatlar 2009-njy ýylyň ýanwar we 2010-njy ýylyň sentýabr aýlarynyň aralygyna degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG