Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk üçin göreşenler


1937-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Staliniň konslagerleriniň birinde türkmeniň görnükli intelligensiýa wekilleri Orazmämmet Wafaýew bilen Seýitmyrat Öwezbaýew sowet hökümeti tarapyndan atylyp öldürilipdi.

Olar Türkmenistanyň özbaşdak döwlet bolmagy ugrunda göreşipdiler. Türkmen halkyny bagtly etmek, türkmen ýaşlaryny okuwly-sowatly etmek olaryň baş maksatlarydy. Emma olaryň ykbaly şum bolup, olar totalitar jemgyýeti guran sowet hökümetiniň pidasy bolmaly bolupdylar.

Seýitmyrat Öwezbaýew

Seýitmyrat Öwezbaýew Gökdepe etrapynda ýerleşýän Yzgant obasyndandy. Onuň kakasy Öwez Gökleň gurply adam bolupdyr. Seýitmyrat ilki oba mekdebini, soňra Köşi obasynda açylan rus hem ýerli milletler mekdebini tamamlapdyr. Soňra ol Orenburgyň kadet korpusyny hem-de Ýelizawetgrad uçilişşesini tamamlap, patyşa Russiýasynyň goşunynda gulluk edip, ştabs-rotmister derejesine mynasyp bolýar. Türkmenistana dolanyp gelenden soň ol Köşidäki türkmen diwizionynda gulluk edip, soňra rus hökümetiniň wekili hökmünde Persiýada (häzirki Eýran) bolmaly bolýar. Birinji jahan urşy başlanan badyna türkmen atly polkuna goşulyp, Awstriýa frontunda Bukawinoda söweşýär.

Teke atly polkunda söweşen Seýitmyrat Öwezbaýew ençeme ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýar. Uruşda ýeten şikesler sebäpli ol soňra Türkmeniň zapas eskadronyna iberilýär. Ahal polkuna komandirlik edip, bolşewikleriň garşysyna göreşýär. Magtymguly hanyň, Ýomut hanyň, Gaýgysyz Atabaýewiň hormatyna mynasyp bolupdy.

1920-nji ýyllarda Seýitmyrat Öwezbaýew ene dilinde ýekeje kitaby bolmadyk türkmen halkyny hatly–sowatly etmek üçin köp işler edipdi. Ol Bakuwa gidip, ol ýerden birnäçe kitap getirýär. Azerbaýjanly mugallymlaryň biziň respublikamyza gelip, mugallymçylyk etmeklerini gurapdy. Oba ýerlerinde täze açylýan mekdepler üçin kadrlar taýýarlamakda birnäçe işler geçiripdi. Hatda ol az wagtlyk Magaryf halk komissary wezipesini hem ýerine ýetiripdi.

«Sowet hökümetiniň ganym duşmany» hökmünde ýygnalan türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda Seýitmyrat Öwezbaýew hem ýygnalýar we Staliniň konslagerleriniň biri bolan Solowki lagerine taşlanýar.

Orazmämmet Wafaýew


Orazmämmet Wafaýew Kaspi deňziniň kenaryndaky Gyzylsuw diýen ýerde çopan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň asly türkmenleriň gökleň taýpasynyň şyhlar tiresinden bolupdyr. Ol bäş ýaşynda medrese okuwyna girip, ony tamamlandan soň Buhara okuwa gidip, Ybraýym ahunyň medresesine okuwa girýär. Bu ýerde iki ýyl okandan soň Batumi şäherine barýar. Soňra Ankaradaky orta bilim berýän soltanlyk mekdebine okuwa girýär. Ol ýerde dört ýyl okandan soň Orazmämmet Stambul uniwersitetiniň ýuridiki fakultetine okuwa girýär. Birinji jahan urşunyň güýçli dowam edýän mahallary Orazmämmet uniwersiteti tamamlaýar.

1918-nji ýylda Orazmämmet Wafaýew türk komandowaniýesiniň tabşyrygy bilen Türkmenistana ugradylýar.

Akgwardiýaçylar hökümetiniň ornuna sowet häkimligi gelenden soň täze gelen hökümete hatly-sowatly adamlar gerek bolýar. Wafaýew ilki oba mekdebinde mugallym bolup işleýär. Soňra Krasnowodskide halk sudy bolup işleýär. 1923-nji ýylda ony Aşgabat okrug sudunyň başlygy wezipesine belleýärler. Aradan köp wagt geçmänkä ony şol wezipe bilen Daşhowza geçirýärler.

Orazmämmet Wafaýew respublikada halka bilim bermek syýasatynyň alnyp barlyşyny tankytlaýardy. Sebäbi respublikada açylýan türkmen mekdepleriniň sany rus mekdepleriniň sanyndan azdy. Orta Aziýanyň okuw jaýlarynda ýerli milletlerden okaýanlaryň sany örän azdy. Bu barada ol şeýle diýýärdi: « Sowetler döwletiniň häzirki gurluş ýagdaýynda Türkmenistan ösüp bilmez, sebäbi syýasy hem-de ykdysady meseleleriň hemmesi merkeze garaşly bolup durýar. Merkez bolsa türkmen halkynyň göwün islegini berk gysyp çäklendirýär. Halk köpçüligi häzirki dowam edýän döwlet gurluşyny hem-de onuň alyp barýan syýasatyny halanok. Sowet häkimiýetiniň Türkmenistanda häzirki wagt dowam edýän formasy uzak wagtlap dowam edip bilmez. Ol türkmen milletçileriniň aktiw çykyş etmekleriniň täsiri esasynda dargap gider…»

Ýatlanmaga mynasyp

Taryhdan mälim bolşy ýaly, sowet hökümeti öz eýelän territoriýasyndaky halklaryň, şol sanda türkmenleriň hem iň zehinli hem edermen intelligensiýa wekillerini «halk duşmany» diýen töhmet bilen ýok edipdi. Sowet hökümeti ähli ejiz hökümetleriň bolşy ýaly, zehinli hem sowatly, edermen adamlardan gorkýardy. Orazmämmet Wafaýewdir Seýitmyrat Öwezbaýew dagy atylanda Magaryf halk komissary Kümüşaly Böriýew, Türkmenistan SSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary Begjan Nazarow dagy hem, ýene-de ençeme türkmen intelligensiýa wekilleri-de atylyp öldürilipdi.

Olar Türkmenistany özbaşdak, gülläp ösýän döwlete öwürjek adamlardy. Türkmen halkyna hakyky bagty berjek adamlardy. Türkmenleri gowy durmuşda ýaşatmak olaryň baş maksatlarydy.

Türkmenistanda 1948-nji ýyldaky ýer titremesinde wepat bolanlaryň ýatlanyp geçilýän güni bar. 1881-nji ýylda Gahryman Gökdepe galasyny gorap şehit bolanlaryň ýatlanýan güni bar. 1937-nji ýyl hem öňki Soýuzyň territoriýasynda bolan halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň hem başyna kän agyr kysmatlary salan ýyldyr. «Bas-ha-baslyk» ýyllary diýlip atlandyrylan ýyllarda Staliniň ganhor hökümeti tarapyndan sowet konslagerlerine iberilip maýyp edilen hem-de atylyp öldürilen adamlaryň bäri-aňyrsy ýok.

Hut Ikinji jahan urşunda bolşy ýaly, bas-ha-baslyk ýyllarynyň ýara salmadyk maşgalasy ýok. Ol ýyllarda bütin maşgalasy bilen gitse-gelmeze gidenler kän. Ol ýyllar halkyň başyndan inen uly tragediýa. Ol ýyllardaky betbagtçylyk halkyň betbagtçylygy. Şonuň üçin repressiýa ýyllarynda jebir çekenler hem her ýyl ýatlanyp geçilmäge mynasypdyrlar.

Müň dokuz ýüz otuz ýediniň halkyň başyna salan tragediýasy Gökdepe söweşi hem-de 1948-nji ýyldaky tebigy betbagtçylyk sebäpli başa düşen tragediýadan agyr bolmasa, ýeňil däl!

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG