Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň hökümeti owgan prezidentine nagt pul bermändigini aýdýar


Düýn Birleşen Ştatlaryň hökümeti Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň Birleşen Ştatlardan nagt pul ýardamlaryny alýandygy barada aýdanlaryny ret etdi.

Hususan-da, Ak Tamyň metbugat sekretary Robert Gibbs Birleşen Ştatlaryň diňe dogry-düzüw ýola goýlan ösüş programmalarynyň üsti bilen Owganystana ýardam berýändigini nygtady.

Bu wakanyň öňýany Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Eýran we käbir beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hem öz administrasiýasynyň nagt pul ýardamlaryny alýandygyny aýdyp, çykyş edipdi.

Düýn Eýranyň hökümeti Hamid Karzaýyň administrasiýasyna hakykatdanam pul ýardamlaryny berip gelýändigini boýun aldy.
XS
SM
MD
LG