Sepleriň elýeterliligi

“Human Rights Watch” Azerbaýjanyň häkimiýetlerini aýyplady


Düýn ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini geljek aý ýurtda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda žurnalistlere uly basyş görkezýänlikde aýyplady.

Hususan-da, guramanyň bu barada ýaýradan hasabatynda soňky wagtlar ýurduň häkimiýetleriniň ençeme žurnalisti şyltak atmakda aýyplap, jenaýat jogapkärçiligine çekendikleri aýdylýar.

Mundan daşary, hasabatda Azerbaýjanyň milisiýasynyň hem žurnalistlere fiziki taýdan hüjüm edýändikleri barada faktlara-da üns çekilýär.

"Human Rights Watch" guramasy Azerbaýjanda žurnalistlere garşy görülýän bu gazaply çäreleriň 7-nji noýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň kanuny saýlawlar boljakdygyny şübhe astynda goýýandygyny belläpdir.
XS
SM
MD
LG