Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýadaky ýer yranmasynda ölenler 100-den geçdi


Düýn Indoneziýanyň Sumatra adasynyň golaýynda ýüz beren güýçli ýer yranmasynyň netijesinde dörän suw joşgunynda 100-den gowrak adam öldi.

Indoneziýanyň hökümet resmileri deňziň territoriýasynda ýüz beren 7.7 bal ýer yranmasynyň netijesinde Sumatra adasyndan günbatardaky Mantawaý adalarynda uly sil heläkçiliginiň ýüze çykandygyny mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, edil häzirki wagt bu sil heläkçiliginde azyndan 110 adam öldi diýlip hasaplanylýar, ýene 500 töweregi adam bolsa dereksiz ýitipdir.

Bu wakanyň fonunda bolsa, düýn Indoneziýanyň Ýawa adasyndaky Merapi dagynda wulkan atylmagy netijesinde-de azyndan 18 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Ýawa adasy düýnki sunami heläkçiliginiň bolan raýonyndan 1 müň 300 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG