Sepleriň elýeterliligi

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz porty döwrebaplaşdyrylar


Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Dikeldiş we Ösüş Banky ýurduň Türkmenbaşy deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak proýekti boýunça özara Memoranduma gol çekdi.

Bu gol çekişlik dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary we käbir pudak ýolbaşçylary bilen birlikde, Dünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Moto Konişi we bu bankyň Türkmenistandaky maliýe bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

62 million dollarlyk inwestisiýa proýektine degişli bu ylalaşyk Türkmenistanyň günbatar regionyndaky deňiz-transport insfrastrukturasyny ösdürmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG