Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow daşary ýurtly biznes ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň garaşsyzlyk baýramçylygy bilen bagly dabaralara gatnaşmaga baran daşary ýurtly biznes ýolbaşçylarynyň ençemesi bilen Aşgabatda duşuşyk geçirdi.

Berdimuhamedow bilen aýry-aýrylykda duşuşan 10-a golaý daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hatarynda «Ekson Mobil» amerikan kompaniýasynyň, «East-West-Connest» german kompaniýasynyň we halkara «Itera» kompaniýasynyň ýolbaşçylary-da boldy.

Türkmen prezidenti bu kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen, aýratyn-da, energetika pudagy boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
XS
SM
MD
LG