Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda garaşsyzlygyň 19 ýyllygy bellenilip geçilýär


Şu gün Türkmenistanda ýurduň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Bu waka mynasybetli şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda prezident G.Berdimuhamedowyň ýurduň halkyna eden gutlag ýüzlenmesi çap edildi.

Türkmenistanyň halkyny we ýurduň hökümetini garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlan köpsanly ýurtlaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem bar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton prezident Barak Obamanyň hem-de tutuş amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna eden gutlag ýüzlenmesinde Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen öz gatnaşyklarynda ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmek bilen bir hatarda, ýurtdaky demokratik institutlary we adam hukuklarynyň goragyny ösdürmekligi-de maksat edinýändigini nygtady.

19 ýyl mundan ozal, ozalky Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzy bilen, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan resmi ýagdaýda öz garaşsyzlygyny yglan edipdi. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymyýetden bäri arzuw edip gelen özbaşdak türkmen döwleti dünýä kartasynda peýda bolupdy.

Emma köp synçylar garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň käbir meselelerde, aýratynam, adam hukuklaryny goramak meselesinde dünýäde iň bir ýaramaz ýurtlaryň hataryna goşulandygyny belleýärler.
XS
SM
MD
LG