Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň halka eden ýüzlenmesi amala aşyrylan ajaýyp işler we göwnüňi galkyndyraýjak wadalar bilen beslenipdir. Türkmenistanyň ähli graždanlary Garaşsyzlyk gününi ýüzlenmedäki galkynyşa, ruhubelentlige gaplanan görnüşde şatlykly, buýsançly garşylap bilýärmi? Ilat köpçüliginiň göwün islegi şu baýramyň hakykaty ýürekde besleýän arzuw-isleglerine golaý getirmegi bolsa gerek.

Resmi propagandanyň çagyryşlaryndan çogup çykýan şatlyk, şagalaň, köňül joşguny türkmenistanlylaryň köpüsinde Garaşsyzlyk güni ýok. Onuň ýokdugyny, ýoklugynyň sebäplerini nähilidir bir ýollar tapyp boýun almagy başarmaly. Maşgalasyny ekläp bilmek mümkinçliginden mahrum edilen ýüz müňlerçe işe ukyply, ýöne işsiz galan adamlaryň gündelik aladalary baýramçylykdaky aýdymlar, tanslar bilen köşeşermi?

Garaşsyz bolan 19 ýylynyň içinde Türkmenistan postsowet döwletleriniň arasynda işsizligiň derejesi boýunça iň öňdäki orunlaryň birini sypdyrman gelýär. Iň bärsinden onuň derejesi 25% ýa-da ýurtdaky işe ukyply her dört adamyň biri işsiz. Baýramçylyk günleri näçe halwa diýilse-de, iliň agzy süýjäberenok. Halkyň bal kölüne batandygyny propaganda tassyklar, ýöne şol kölüň haýsy mellekdedigini halk tapyp bilenok, onuň nirdedegini çaklamany weli başarýar. Ýerasty baýlyklaryň ummusyz goruna eýe, şol baýlyklary çar tarapa satyp oturan ýurduň üçden bir ilaty garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar.

Türkmenistanyňky ýaly gazylyp alynýan baýlyklara eýe beýleki ýurtlar halky üçin sosial standartlaryň mümkinçiliklerini has ýokary derejede görkezýärler.

Türkmen propagandasy medisina ugrundan gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri taryplap, aňyrsyna çykyp bilmeýär. “Awaza” kurort zolagy häkimiýetiň emblemasyna – nyşanyna öwrüldi. Şol ýere adatdan daşary möçberdäki uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Täze medisina we sagaldyş sistemalary döredilýär. Ýöne şol ylmy-medisina merkezleriniň hem şol ýerdäki keselhanalaryň hyzmaty ýönekeý adamlar üçin elýeterlimi? Şol saglyk edaralary sowet döwrüniň ýokary partiýa-sowet işgärleri üçin ýörite poliklinikalarda, keselhanalarda bolşy ýaly korrupsiýanyň öýjügine öwrülmezmi?

Däbiň tersinemi?

Garaşsyzlyk güni - bu azatlyk güni bolmaly. Türkmenistanlylar özüni şu gün näderejede azat-erkin duýýar? Türkmeniň ata-baba däbine görä, toý güni myhmanlar, ýakyn-ýatlar üçin toý edýän öýüň ähli gapysy açyk bolmaly. Şol ajaýyp däp şu günki gün Türkmenistanda berjaý edilýärmi ýa häkimiýetleriň görýän çäreleri şol däbiň tersinemi? Şu baýram ahyrsoňy her bir ýürekde kök uran gorkudan halas bolmaga umyt döredýärmi? Sözüň şu mansysynda öz ýurdy baradaky hakykaty aýtmak, ony dünýä aýan etmek isleýän žurnalistler şu günki gün güýçli gysyşlary başdan geçirýärler. Şolaryň köpsanly dogan-garyndaşlary, ýakyn dostlary şu baýramçylyk gününde özlerini howpsuz duýýarmyka?

Köpçülikleýin habar serişdeleriniň gözegçiliginde bolmadyk žurnalistleri güýç ulanyjy gurluşlaryň kömegi bilen häkimiýetler gandalda saklamaga synanyşyk edýär. Ýurdan erkin islän ýerine gidip hem hiç bir gorkusyz yzyna göwün islegine görä gaýdyp geljek gününe çenli Türkmenistanyň graždanlary Garaşsyzlyk baýramyny häzirki dowam edýän tertipde ýene näçe gezek bellemeli bolar?

Derwezeleriň, gapylaryň açyk durmaly gününde serhetleriň ýapylmagyny näme bilen düşündirmek bolar? Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň “dünýäniň ykdysady giňşligine ýurduň integrasiýasyny göz öňünde tutýan” ägirt uly çäreler barada aýdýanlaryna hem ýurtdaky bar hykyky ýagdaýa ters gelýär.

Garaşsyzlyk baýramy - aýratyn baýram. Onuň özboluşly aýratynlygy garaşsyzlyk ideýasynyň häkimiýetler üçin bulagaýlyk, dil düwşük bolup görünýänliginde. Režim düýrmegi bilen şol garaşsyzlykdan gorkýar. Çünki Türkmenistanda bir adam garaşsyzdy, ol Garaşsyzlygyň bellenýän dabarasynda parady diňe özi ýörite taýýarlanan ýerde durup kabul edýärdi, oňa egindeşlerini şärik etmeýärdi. Şol däp soňky ýolbaşça öňküden üýtgewsiz miras galdy, oňa şu günki parada tomaşa edenler göz ýetirendir.

Ýöne dem salymda her bir graždanyň garaşsyzlyk duýgusynyň hötdesinden gelmek güýç ulanyjy apparata eýgertmezligi mümkin.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG