Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda oppozisiýadaky “Ar-Namys” partiýasy prezident Roza Otunbaýewanyň haýyşyna görä, 27-nji oktýabrda mitinge çykmajakdygyny bildirdi.

“Ar-Namys” partiýasy bilen bilelikde “Ata Žurt” partiýasy hem öz tarapdarlaryny mitinge çykmazlyga çagyrdy. Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan “Sosial-Demokratlar” bilen “Respublika” partiýalary bir koalisiýa birleşjekdiklerini aýan etdiler. Emma parlamentde ýerleriň köpçüligini almak üçin bulara ýene-de bir partiýanyň goşulmagy zerur. Galan üç partiýadan haýsy biriniň bulara goşuljakdygy entek belli däl.

Gyrgyzystanda parlament saýlawlary geçenden soň hem ýagdaý durnuklaşmady. Oppozisiýadaky “Ar-Namys” partiýasynyň agzalary 27-nji oktýabrda şäheriň merkezinde miting geçirjekdiklerini mälim edipdiler. Olar saýlawlaryň netijelerini täzeden yglan etmek talaby bilen çykmalydylar. Ar-namysçylara “Ata Žurt” partiýasynyň agazalarynyň-da goşuljakdygy habar berlipdi.

Emma 26-njy oktýabrda prezident Roza Otunbaýewa 5%-lik böwetden geçen partiýalaryň liderlerini kabul edip, saýlawlaryň täze netijeleriniň öňümizdäki anna güni yglan ediljekdigini habar berdi. Edil şu ýagdaýyň mitingleri togtatmaga getirendigini “Ar-Namys” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Emil Aliýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Ar-Namys”partiýasynyň lideri Feliks Kulow şu günki mitingiň wagtlaýyn togtadylandygyny, eger-de Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawlaryň netijelerini yglan etmese, närazylyk aksiýasyna çykjakdyklaryny bildirdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzasy Abdymumin Mamaraimowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, protokollar barlanyp bolupdyr: “Indi adamlardan düşen arzalara seredilýär. Şeýlelikde anna güni saýlawlaryň täze netijesini yglan etmek üçin şert bar”.

“Sosial-Demokratlar” we “Respublika” ylalaşdy

Uzak dowam eden gepleşiklerden soň, “Sosial-Demokratlar” hem-de “Respublika” partiýasynyň agzalary özara ylalaşdylar. “Respublika” partiýasynyň metbugat sekretary Kubat Bolothanowyň sözlerine görä, muňa iki partiýanyň garaýyşlarynyň meňzeşligi sebap bolupdyr.

“Gepleşikler häzirem dowam edýär. Möhümi biziň partiýamyz bilen “Sosial-Demokratlaryň” ykdysady ösüş, daşky syýasat boýunça garaýyşlarymyzyň meňzeşdigi belli boldy. Şeýlelikde olar bilen biziň öňümizde goýýan maksatlarymyzyň meňzeşdigi sebäpli koalisiýa düzmegi ylalaşdyk” diýip, K.Bolothanow aýdýar.

Emma parlamenti dolandyryjy koalisiýany düzmäge iki partiýanyň-da mandaty ýetmezçilik edýär. Şeýleleikde bu syýasy birlige üçünji partiýanyň goşulmagy talap edilýär. Kanuna görä, dolandyryjy koalisiýa birleşjek partiýalaryň umumy mandatlary 61 orundan az bolmaly däl.

“Sosial-Demokratlar” partiýasynyň metbugat merkeziniň başlygy Farid Nyýazow üçünji partiýa hökmünde “Ata-Meken” partiýasy bilen gepleşikleriň alnyp barylýan hem bolsa, daşarky syýasat boýunça pikirleriniň jebisleşmeýändigini belledi.

Emma “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omürbek Tekebaýew hiç hili gepleşikleriň bolmandygyny aýtdy: “Biziň bilen hiç kim gepleşmedi. “Sosial-Demokratlar” partiýasynyň wekilleriniň biziň bilen gepleşip, haýsydyr bir pikirlerimizin meňzeş çykmadyk ýagdaýy bolmady. Olaryň muny nämelere esaslanyp aýdýandyklaryny men bilmeýärin. Koalisiýa düzmek boýunça gepleşikler deputatlar parlamente gelenlerinden soň başlanar”.

Parlamenti dolandyrýan koalisiýa girýän partiýalar hökümeti düzýär. Saýlawda ýeňiş gazanan partiýalardan üçüsi birikse, beýlekileri parlamentdäki köpçülige oppozisiýada galarlar. Täze Konstitusiýa görä, parlament oppozisiýasyna ykdysadyýet, goranmak, howpsuzlyk komitetleriniň başlygynyň ornuny eýelemek ýaly hukuklar berilýär.
XS
SM
MD
LG