Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Eýrandan haltalap pul alýandygyny boýun aldy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we eýranly kärdeşi Mahmud Ahmedinejad Kabulda, 10-njy mart 2010-njy ýyl.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we eýranly kärdeşi Mahmud Ahmedinejad Kabulda, 10-njy mart 2010-njy ýyl.

Ýakynda owgan prezidenti Hamid Karzaýyň Tährandan halta-halta nagt pul alýandygyny boýun alyp çykyş etmeginiň yzy bilen, Eýran hakykatdanam Owganystana pul «ýardamlaryny» berýändigini boýun aldy.

Hepdäniň duşenbe güni Tähranda geçen metbugat konferensiýasynda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast goňşy Owganystandaky durnuksyzlyga çynlakaý alada bildirip, bu ýurtdaky gaýtadan dikeldiş işlerine Eýranyň pul ýardamlaryny berip gelýändigini aýtdy. Ýöne ol öz çykyşynda bu ýardamlaryň anyk nähili görnüşlerde berilýändigi barada jikme-jik gürrüň etmedi.

«The New York Times» ýazdy

Eýranyň Owganystana maliýe ýardamlaryny berýändigi barada ilkinji maglumat şu geçen dynç alyş güni «The New York Times» gazetinde peýda boldy. Gazetiň maglumatynda Hamid Karzaýyň administrasiýasynyň soňky wagtlar Eýrandan her aýda 1 milliondan 2 million dollar aralygynda nagt pul alyp gelýändigi aýdylýar.

«New York Times» gazeti adynyň tutulmagyny islemedik bir ynamdar çeşmä salgylanmak bilen, şol gürrüňi edilýän pullaryň resmilere para bermek üçin ulanylýan özboluşly bir fonda öwrülendigini ýazýar.

Gazetiň tassyklamagyna görä, bu fonduň pullary prezident Hamid Karzaý we onuň administrasiýasynyň başlygy Umer Dawudzaý tarapyndan parlamentiň deputatlaryna, taýpa liderlerine we hatda Talyban komandirlerine para görnüşinde berilýän eken. Şeýtmek bilenem, olaryň bu adamlaryň özlerine bolan ygrarlylygyny gazanýandyklary aýdylýar.

Amerikan gazetiniň bu maglumaty şu hepdäniň duşenbe güni prezident Karzaýyň hakykatdanam Eýrandan nagt pul alýandygyny boýun alyp çykyş etmegine getirdi. Öz çykyşynda ol prezident adminstrasiýasynyň başlygy Umer Dawudzaýyň käte Eýrandan bir wagtyň özünde 700 müň ýewro çenli nagt pul alandygyny-da tassyklady.

Karzaý boýun aldy, emma…

Hamid Karzaý bu pullardan belli bir böleginiň hatda haltalara salnyp getirilýändigini aýtdy. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol bu pullaryň hiç hili gizlin pullar däldigini, olaryň açyk ýollar bilen tölenýändigini we prezident administrasiýasynyň resmi çykdajylary üçin ulanylýandygyny öňe sürdi.

Mundan daşary, Hamid Karzaý Owganystanyň mundan beýlägem Eýrandan pul kömegini soramagyny dowam etdirjekdigini we hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hem Owganystana şeýle pul ýardamlaryny berýändigini nygtady.

Ol bu barada şeýle diýdi: «Owganystan öz işini gowy bilýän ýurt we biz Eýranyň özümize berýän kömeginden örän hoşal. Umer Daudzaý bu ýardamlary meniň öz tabşyryklarym esasynda alýar».

Eýrandan şübhelenilýär

Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy Eýranyň Owganystana kömek bermek hukugyny sorag astynda goýmaýandygyny aýtsa-da, ol barybir Owganystanyň öz gelejegini kesgitlemek meselesinde goňşusynyň ýaramaz täsirlerine düşmezligini isleýändini mälim etdi.

Hususan-da, bu barada Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Filip Krowleý şeýle diýdi: «Elbetde, Owganystanyň hökümeti beýleki ýurtlardan alýan maliýe serişdelerini nähili sarp edýändigi barada gürrüň edip biler. Ýöne biz Eýranyň geçmişde öz goňşularyndaky ýagdaýlary bulaşdyrmakda oýnan roluny göz öňünde tutmak bilen, onuň matlaplarynyň arassalygyna şübhelenmeli bolýarys. Emma, beýleki tarapdan, biz Owganystanyň gelejegi babatda Eýran belli bir jogapkärçiligi öz üstüne alyp, konstruktiw rol oýnar diýip umyt edýäris».

Owganystanda talyplara garşy göreş alyp barýan koalision güýçleriň tagallalarynyň öňüne Eýranyň her hili ýollar bilen böwet döretmäge çalyşýandygyny güman edýän Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri Kabul bilen Tähranyň gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagyny asla oňlamaýarlar.

Mundan öň NATO-nyň resmileri hem Eýrany Talyban söweşijilerini ýarag we pul bilen üpjün etmek ýaly işlerde aýyplap çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG