Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO we Orsýet “täzeden ysnyşmakçy”


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (çepde) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (çepde) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Owganystanda talyplara we Al-Kaýda toparyna garşy göreşde öz guramasynyň Orsýet bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmagyna umyt bildirdi.

"The Financial Times" neşirine beren interwýusynda NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçirilmegi planlaşdyrylýan sammit “NATO bilen Orsýetiň gatnaşyklary üçin täze başlangyjy aňladyp biler” diýdi.

19-20-nji noýabrda Lissabonda geçiriljek bu sammite Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedewiň gatnaşjakdygy tassyklandy. 2002-nji ýylda NATO-Orsýet geňeşi döredileli bäri bu sammit iň möhüm waka bolar diýlip garaşylýar.

Owganystan boýunça hyzmatdaşlyk

Anders Fog Rasmusseniň aýtmagyna görä, Orsýet ABŞ bilen gepleşik geçirip, Owganystana 20 sany rus dikuçaryny bermäge boýun bolupdyr. Mundan başga-da, Owganystan bilen bagly hyzmatdaşlyk babatdaky tekliplere Lissabondaky duşuşykda garaljakdygy aýdylýar.

Britaniýanyň “The Guardian” neşirinde berlen maglumatlarda şol teklipleriň hataryna ruslaryň owgan pilotlaryny türgenleşdirmegi, Owganystanyň milli howpuzlyk gulluklarynyň türgenleşiginde hem rus spesialistleriniň ýardam bermegi ýaly meseleler agzalýar.

Orsýetiň neşe maddalarynyň söwdasyna, terrorçylyga garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy has ykjamlaşdyryp, owgan serhetinde howpsuzlygy üpjün etmekde, NATO-nyň ýaranlyk güýçlerine ýük daşamak üçin has amatly tranzit ýollaryny tapmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegine hem garaşylýar.

Britaniýanyň “The Guardian” neşirinde berlen maglumatlarda Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen Owganystandaky NATO-nyň ýaranlyk güýçleri üçin zerur bolan ýükleriň daşalmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Soňky döwürde Pakistan bilen Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagy, Pakistanda NATO-nyň ýaranlyk güýçlerine niýetlenen ýük ulaglaryna edilýän hüjümleriň artmagy göz öňünde tutulsa, Orsýet bilen planlaşdyrylan gepleşikleriň NATO üçin örän möhümdigine düşünse bolýar.

Häzir hem Orsýet öz territoriýasyndan käbir ýükleriň daşalmagyna rugsat berýär. Emma şu çaka çenli Orsýetiň üsti bilen ýaragly ýükleri daşamak gadagançylygy bar. NATO-nyň bu gadagançylygy ýatyrmak ugrunda gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Orsýetiň goranmak ministri A.Serdýukow Owganystan bilen bagly kynçylyklary çözmek üçin Moskwanyň Günbatara ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy: “Ýaranlyk güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy Merkezi Aziýadaky strategik ýagdaýy düýpgöter özgerdip biler”.

Munuň ýerine…

Emma Orsýetiň “Kommersant” neşiriniň 27-nji oktýabrda çap eden maglumatynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň NATO-dan bu guramanyň öz täze agza ýurtlarynyň territoriýasynda köp harby güýçleri ýerleşdirmezlige kepil geçmegini sorandygy habar berildi.

Owganystana berjek ýardamy üçin Orsýet tarapynyň hem belli bir talaplary öňe sürjekdigi öňden bellidi. Häzirlikçe NATO-nyň öz täze agza ýurtlarynyň territoriýasyndaky çäreleri boýunça rus tarapynyň bu talaplary bilen bagly NATO hiç hili resmi reaksiýa bildirmedi.

“Kommersant” neşiri Moskwanyň NATO bilen özara gatnaşyklary babatdaky ylalaşygyň proyektini taýýarlandygyny, bu meseläniň NATO-nyň baş sekretarynyň noýabr aýynyň başynda Moskwa planlaşdyrylan saparynyň barşynda maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

1979-1988-nji ýyllar aralygynda Sowet Soýuzy Owganystanda alyp baran urşunda ýeňlipdi. Tasdan 10 ýylda çeken şol Owgan urşunda 14 müň sowet esgeri heläk bolupdy. Ol uruşda ozal bir gezek gaty awunan Orsýetiň bu ýurda aňsatlyk bilen gaýdyp barmajakdygy belli zat.

27-nji oktýabrda NATO-nyň Brýusseldäki metbugat sekretary Orsýetiň Owganystana goşun girizmegi barada düýpden gürrüň edilmeýändigini aýtdy. Ol Orsýet bilen göz öňünde tutulýan hyzmatdaşlygyň hemme görnüşleriniň ýurduň daşynda alnyp baryljakdygyny nygtady.

Noýabr aýynda Lissabonda planlaşdyrylýan sammitde Ýewropada raketalara garşy sistemanyň gurnalmagy meselesinde hem Orsýet bilen hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleriň geçiriljekdigi çaklanylýar. Şol sistema Eýran ýaly ýurtlardan abanýan potensial howplara garşy niýetlenýär.
XS
SM
MD
LG