Sepleriň elýeterliligi

“ExxonMobil” Türkmenistanda özüniň edarasyny açdy


Amerikan energiýa kompaniýasy “ExxonMobil” Türkmenistanda özüniň edarasyny açdy. Ol Türkmenistanyň gaz resurslaryny özleşdirmegi maksat edinýär diýip, “Reuters” gullugy habar berýär.

“ExxonMobil” gazy işlemek boýunça Birleşen Ştatlaryň iň iri kompaniýasydyr. Ol Orsýet bilen Gazagystanda-da iş alyp barýar.

“ExxonMobil” 2002-nji ýylda käbir ykdysady sebäpler bilen Türkmenistandan çykarylypdy.

Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň ýolbaşçysy Rob Franklin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen prezidenti “bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny” nygtady.

Türkmenistan özüniň energiýa pudagyny ösdürmek üçin Birleşen Ştatlaryň kömegine garaşýandygyny şu ýylyň iýun aýynda bildiripdi.
XS
SM
MD
LG