Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Ukrainanyň söwda gatnaşyklary ýokarlandy


Düýn Ukraina sapary wagtynda eden çykyşynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Wiktor Ýanukowiçiň prezidentlik wezipesine geçeli bäri Orsýet bilen Ukrainanyň söwda gatnaşyklarynyň görnetin ýokarlanandygyny belledi.

Hususan-da, Wladimir Putin şu üstümizdäki ýylyň başyndan bäri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň 80 prosent artandygyny aýtdy.

Orsýetiň Ýewropa ýurtlaryna eksportirleýän tebigy gazynyň 80 prosente golaýy Ukrainanyň üstünden geçýär.

Soňky wagtlar Ukrainanyň häkimiýetleri Orsýetiň Ukraina satýan gazynyň bahasynyň ep-esli arzanladylmagyna aýak diräp gelýärler. Düýn Wladimir Putiniň Kiýewde geçiren gepleşikleriniň esasy temasy hem hut şu gaz söwdasy bilen baglanyşykly boldy.
XS
SM
MD
LG