Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Waşingtonda päkistan asylly amerikan raýaty tussag edildi


Düýn Birleşen Ştatlaryň polisiýasy Waşington şäheriniň metrosynda bomba partlamasyny amala aşyrmak synanyşygynda güman edilýän päkistan asylly amerikan raýatyny tussag etdi.

Birleşen Ştatlaryň baş prokurorynyň orunbasary Dewid Krist tussag astyna alnan 34 ýaşly Faruk Ahmede şu ýylyň aprelinden bäri Waşingtonyň metrosynyň dürli ýerlerini surata düşürmek bilen, terror hüjümine taýýarlyk görüp gelenlikde güman bildirilýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Robert Gibbs hem Adalat ministrliginiň, Federal derňew býurosynyň we Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň indi ep-esli wagtdan bäri bu wakany düýpli öwrenip gelendiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG