Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýadaky tebigy heläkçilikde ölenler 300-den geçdi


Iki gün mundan ozal Indoneziýada ýüz beren sunami we wulkan heläkçiligi netijesinde ölen adamlaryň sany 300-den hem geçdi.

Indoneziýanyň resmileri häzirki wagt bu heläkçiligiň netijesinde azyndan 300 töweregi adamyň öldi diýlip, 400 töweregi adamyň bolsa dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýandygyny mälim etdiler.

Hepdäniň duşenbe güni giçlik ýurduň Mentawi adalarynyň golaýynda ýüz beren 7,7 bal ýer yranmasy deňiz suwunyň joşmagyna hem-de birnäçe ilatly punktyň sil suwundan doly weýran bolmagyna getirdi.

Şol günüň ertesi Indoneziýanyň Ýawa adasynda ýüz beren wulkan heläkçiliginde-de 30 töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG