Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gizlin uruş” baradaky myş-myşlar


Hameneýi ýaňy ýakynda: “Eýranyň üstüne häzir abanyp duran gizlin uruş” diýip, oňa garşy gerekli çäreleriň görülýändigini aýdyp, bu meselede halky arkaýynlaşdyrmaga ýykgyn edipdi.
Hameneýi ýaňy ýakynda: “Eýranyň üstüne häzir abanyp duran gizlin uruş” diýip, oňa garşy gerekli çäreleriň görülýändigini aýdyp, bu meselede halky arkaýynlaşdyrmaga ýykgyn edipdi.
Yslam respublikasynyň garşysyna alnyp barylýar diýilýän “gizlin urşa” garşy durmak üçin Eýran häkimiýetleri üstümizdäki hepde göni fronta – Tähran uniwersitetine bardylar.

Olaryň garaýşyça, Eýranyň duşmanlary ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen niýetlerini şu uniwersitetiň üsti bilen amala aşyrýarlar. Gizlin uruş baradaky ilkinji milli forum hem 26-njy we 27-nji oktýabrda şu ýerde geçdi.

Forumda ýurduň ýokary derejeli resmileri çykyş etdiler. Mysal üçin, prezident Mahmud Ahmedinejad eden çykyşynda özleriniň “amerikan yslamy” diýýäninden ýokarydygyny aýdyp, Eýran yslamyny öwdi.

2009-njy ýylda geçen jedelli prezidentlik saýlawyndan bäri “gizlin uruş” adalgasy Eýran resmileriniň dilinden düşenok. Muny indi ýurduň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi-de ulanýar.

Hameneýi ýaňy ýakynda: “Eýranyň üstüne häzir abanyp duran gizlin uruş” diýip, oňa garşy gerekli çäreleriň görülýändigini aýdyp, bu meselede halky arkaýynlaşdyrmaga ýykgyn edipdi.

Onuň aýdýan bu çäreleri internet senzurasyny güýçlendirmek, graždan jemgyýeti aktiwistleriniň ýurduň daşyndaky alymlar bilen gatnaşygyny kesmek, hökümet bilen pikirdeş däl toparlary dymdyrmak ýaly işleri öz içina alýar.

“Tutaryk edinýär”

Şwesiýada ýaşýan eýranly sosiolog Mehrdad Darwişpuryň pikiriçe, Tähran ýurduň içinde oppozisiýany dymdyrmak üçin “gizlin urşy” tutaryk edinýär.

“Sanksiýalar artdyrylyp, görkezilýän halkara gysyşlar güýjäli bäri, Eýrany ýurduň içindäki närazylyk aladalandyrýar. Bular ýaly seminarlaryň geçirilmegi köplenç ýurduň içindäki repressiýany artdyrmak üçin taýýarlyk görülýändigini görkezýär. Sebäbi uruşly ýagdaýlarda ýurtlar erkinlikleri çäklendirip, berk hereket edip bilýärler” diýip, Darwişpur aýdýar.

Hameneýiniň ýaragly güýçler boýunça geňeşçisi Ýahýa Rahim Sefawi öz çykyşynda hökümetiň kömek üçin benzine goýberilýän serişdäni kesmek baradaky täze planynyň zerurdygyny belläp, syýasy toparlary, intellektuallary, studentleri we uniwersitetleriň professorlaryny bu plany goldamaga çagyrdy.

Darwişpuryň garaýşyça, gizlin urşa garşylyk diýlip, halk ýagdaýdan närazylygyny bildirmek mümkinçilikginden mahrum ediler: “Ykdysady syýasatdan närazy bolmagy mümkin adamlar dymarlar. Sebäbi bu iş edilse, ‘bu daşary ýurtlaryň Eýranyň garşysyna alyp barýan gizlin urşunyň bir bölegi’ diýler”.

Geçen protestlerde tutulyp, soň hem Eýrandan gaçyp çykan žurnalist Wahid Purostadyň aýtmagyna görä, häkimiýetler ýurtdaky ýaramaz ýagdaýa daşardaky güýçleri jogapkär etmek üçin “gizlin uruş” diýilýänden peýdalanýar.

“Olar protestleriň we tankydyň döremegine sebäp bolýan ýeke-täk zat media we käbir adamlar diýýärler. Munda özleriniň ýurdy dolandyryşynyň we beýleki işleriniň rol oýnaýandygyna olar ynanmaýana meňzeýärler” diýip, Purostad aýdýar.
XS
SM
MD
LG