Sepleriň elýeterliligi

Ors rok aýdymçylary syýasy taýdan aktiwleşýär


Şewçuk Moskwanyň etegindäki Himki şäheriniň tokaýlygynyň üstünden ýol gurluşygyna garşy jemgyýetde gurnalýan aksiýalara gatnaşyp gelýär.

Şewçuk Moskwanyň etegindäki Himki şäheriniň tokaýlygynyň üstünden ýol gurluşygyna garşy jemgyýetde gurnalýan aksiýalara gatnaşyp gelýär.

Ýakynda Orsýetiň käbir meşhur rok aýdymçylarynyň prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşmagy jemgyýetde köpleriň göwnünden turmandy. Sebäbi bu duşuşyk Orsýetiň sazandalary bilen aýdymçylarynyň arasynda syýasy bölünişigiň bardygyny görkezdi. Syýasy oppozisiýa goşulýan sazandalar kremlparaz toparyň garşysyna çykyş edýärler.

Sankt-Peterburgyň 33 ýaşly ýaşaýjysy Alekseý Wançugow öz studentlik döwründe “DDT” döredijilik toparynyň lideri Ýuriý Şewçugy gahryman hasap edenligini gürrüň berdi. Emma häzirki wagtda Wançugowy aýdym-sazdan syýasat has köp gyzyklandyrýar.

Häkimiýetiň garşysyna çykyşlar



Dil we edebiýat ugrundan bilim alan, emma çüýşe öndüriji zawodda gözegçi bolup işleýän Alekseý Wançugow Sankt-Peterburgyň aktiwistler toparynyň wepaly agzalarynyň biri.

Wançugow Orsýetde bileleşik azatlygyny goldap çykyş edýän “Strategiýa 31” atly jemgyýetçilik hereketiniň işine gatnaşýar. 9-njy oktýabrda bu hereket Sankt-Peterburgyň merkezinde “Gazpromyň” täze we beýik edara jaýynyň gurulmagynyň garşysyna protest aksiýasyny geçiripdi.

Wançugow soňky ýyllarda müňlerçe watandaşlarynyň edişi ýaly graždanlyk pozisiýasyny üýtgetdi. Ol ozalky biparhlygyndan el çekip, syýasy aktiwlige tarap öwrüldi.

Wançugowyň ýetginjek döwrüniň gahrymany Ýuriý Şewçuk Orsýetde protest bildirmek medeniýetiniň görnükli wekilleriniň biri. Şewçuk Moskwanyň etegindäki Himki şäheriniň tokaýlygynyň üstünden ýol gurluşygyna, milisiýanyň eden-etdiligine, parahatçylykly demonstrasiýalaryň geçirilmegine döredilýän päsgelçiliklere garşy jemgyýetde gurnalýan aksiýalara gatnaşyp gelýär.

Emma Orsýetde häkmiýetleriň tarapyny çalýan meşhur aýdymçylar hem az däl.

Kremliň tarapdarlary



14-nji oktýabrda prezindet Dmitriý Medwedew ýurduň meşhur aýdymçylary bilen çaý başynda geçiren duşuşygyna Ýuriý Şewçuk gatnaşmandy. Emma duşuşyga Şewçugyň döwürdeşlerinden “Maşina Wremeni” toparynyň lideri Andreý Makarewiç we 1980-90-njy ýyllarda “DDT” bilen deň derejede meşhurlyk gazanan “Akwarium” toparynyň lideri Boris Grebenşikow gatnaşdy. Boris Grebenşikowyň iň meşhur eserleriniň biri bolan “Poýezd w ogne” aýdymy jemgyýetiň sowet häkimiýetlerine garşy gimnine öwrülipdi.

Sankt-Peterburgyň ýaşaýjysy Boris Grebenşikow Dmitriý Medwedew bilen duşuşygyndan peýdalanyp, şäheriň merkezinde “Gazpromyň” edara jaýynyň gurşluşygyna degişli meseläni gozgapdy. Emma Wançugow ýaly tankytçylar aýdymçynyň döwlet baştutany bilen duşuşyga gatnaşmagyny onuň Kremliň golastynda bolmagy hökmünde kabul etdiler.

Döwlet ýolbaşçylaryna ýakynlyk aýdymçylar üçin has köp ösüş mümkinçiliklerine, şol sanda radioda we telewideniýede has köp çykyşlara ýol açýar. Şeýle duşuşyklar döwlet üçin hem bähbitli. Ýurduň meşhur rok aýdymçylary bilen aragatnaşyk saklamak arkaly Kreml 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda özüniň döwrebap pozisiýany eýeleýänligini köpçülige mälim etmäge çalyşýar.

Ýaş nesil başgaça pikirlenýär



Öňki dissident, sosiolog Boris Kagarlitskiý şu günki gün Orsýetde aýdymçylaryň ýaş nesliniň hem aktiwleşýänligine ünsi çekýär. Kagarlitskiniň sözlerine görä, ýaş aýdymçylar özlerinden ululara tankydy we käte negatiw garaýyşlaryny açyk mälim etmäge ukyply.

“Olaryň döredijiligi, ideologiýasy we özlerini alyp barşy düýpden başgaça” diýip, Boris Kagarlitskiý belledi.

“MC Noize” ady bilen tanalýan 25 ýaşly Iwan Alekseýew ulag heläkçiligi baradaky aýdymy bilen meşhur bolupdy. Onuň bu aýdymyny döretmegine şu ýylyň mart aýynda Orsýetiň iri nebit kompaniýasy “Lukoil” kompaniýasynyň wise-prezidentiniň gatnaşmagynda bolan ýol heläkçiligi sebäp bolupdy. Bu heläkçiligiň jogapkärçiligi iki zenanyň münüp barýan ulagynyň üstüne atylypdy. Şol zenanlaryň ikisi-de maşyn heläkçiliginde wepat boldy.

“MC Noizyň” bu ýazgaryjy aýdymy Orsýetiň elitasyna jemgyýetde bolan ýigrenji güýçlendiripdi, aýdymça bolsa meşhurlyk getiripdi.
XS
SM
MD
LG