Sepleriň elýeterliligi

Päkistan TOPH proýektini goldaýar


Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

22-nji sentýabrda Owganystanyň Ýerasty baýlyklar boýunça ministrligi “Transowgan” gaz proýektiniň gurluşygynyň 2014-nji ýyla çenli tamamlanjakdygyny aýdandan soň, bu proýekt bilen bagly çarşenbe güni Päkistanda hem möhüm ädim ädildi.

Päkistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilaniniň ýolbaşçylygynda Päkistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýektiniň Yslamabadyň milli bähbidine gabat gelýänligi we bu ugurda ädiljek islendik ädimiň Päkistan tarapyndan goldanyljakdygy hakda karar tassyklandy.

“Päkistanyň bu dokumenti tassyklamagynyň maksady töwereginde ýerleşýän ýurtlara we bu proýekte maýa goýmaga isleg bildirýän Aziýa ösüş bankyna biz bu proýekti amala aşyrmaga taýýar diýlen yşaraty bermekden ybaratdy” diýip, päkistanly žurnalist Abubakar Syddyk aýdýar.

Päkistanly žurnalistiň pikirine görä, bu karary tassyklamak bilen Yslamabat onuň diňe bir ýurduň energiýa hajatlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, Päkistany tranzit geçelgä öwürmäge hem ýardam etjekdigini bildirmäge synanyşdy.

Päkistanyň 170 million töweregi ilaty bolup, ol elektrik togy hem-de gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz. Eger Owganystan aşyr türkmen gazynyň energiýa ýetmezçiliginden ejir çekýän we ilat sany 1 milliarddan hem artyk Hindistana hem gaz akdyrjakdygy göz öňünde tutulanda, bu proýekte bolan zerurlyga göz ýetirmek kyn däl.

Iň amatly çeşme

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň energiýa, ýurduň ýerasty baýlyklary we gurluşyk boýunça baş maslahatçysy Muhammet Rafik Paştunyň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren maglumatyna görä, bu gaz geçirijiniň zerurlygy hakda hiç hili düşünişmezlik ýok.

“Bu gaz geçirijini gurmak barada gürrüň edilende, oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda hiç hili ylalaşmazlyk ýok. Bu proýekte gatnaşýan ähli ýurtlar onuň hökmän gurulmagyny isleýärler” diýip, owganystanly ýolbaşçy Muhammet Rafik Paştun aýtdy.

Paştunyň aýtmagyna görä, bu proýekt Owganystany diňe gaz bilen üpjün etmän, bu gaz geçirijiniň tranzit tölegleri hem Kabula goşmaça girdeji getirer. Şol sebäpden Kabul bu proýektiň başa barmagy üçin uly tagalla edýär.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän welaýatlarda bolşy ýaly, Päkistanyň hem Bulujystan we Haýbar Pahtunhowa welaýatlarynda gaz ýataklarynyň bardygy aýdylýar. Emma bu iki ýurt hem dürli sebäplere görä, henize çenli şol baýlyklaryndan doly peýdalanyp bilmän gelýärler. Onsoň olar öz energiýa hajatlaryny üpjün etmek üçin ýangyjy daşary ýurtlardan import etmäge mejbur bolýarlar.

Bu nukdaýnazardan türkmen gazy bu iki ýurt üçin hem iň amatly çeşme bolup durýar. Emma žurnalist Syddygyň aýtmagyna görä, onuň amatly bolmagy meseläniň çözüldigi däl.

Region durnuksyz

15 ýyldan bäri gürrüňi edilse-de, bu proýekti amala aşyrmak işi agzalýan ýurtlara başartman gelýär, sebäbi Owganystanda bu gaz geçirijiniň geçmeli territoriýasynyň parahatçylygy henizem doly üpjün edilenok.

Şeýle-de bu turbanyň Päkistandan geçmeli käbir regionlarynda hem dartgynlylyk barha möwjeýär. Sebäbi Päkistanyň Bulujystan welaýatynda buluç milletçi tire-taýpalar garaşsyzlyk almak üçin Päkistanyň hökümetine garşy göreşýärler we bu turbanyň uly bir bölegi bolsa şol welaýatdan geçmeli diýip, Syddyk Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Owganystanyň üstünden geçmeli türkmen gaz proýekti bilen bir hatarda, Päkistan öz gaz hajatlaryny Eýranyň kömegi bilen üpjün etmek üçin Tähran bilen hem gepleşikler geçiriýär. Emma bu ugurda henize çenli o diýen üstünlik gazanylmady.

Päkistanyň “Daily News” atly gazetiniň 28-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, bahasy 1,5 milliard dollara barabar bolan bu proýektiň Eýrana degişli böleginiň gurluşyk işi bireýýäm başlandy. Emma bu turbany Päkistanyň haýsy regionyndan geçirip, bir ujuny neneňsi Hindistana ýetirmeli diýlen mesele hakda henize çenli takyk karara gelnenok.

Howpsuzlyk we mäliýe meselesi

Päkistanly žurnalist Syddygyň aýtmagyna görä, bu proýekte maýa goýujy tapmak kyn we Päkistanyň bu proýekti maliýeleşdirmäge ykdysady taýdan ýagdaýy ýok. Şol sebäpdenem howpsuzlyk boýunça ünjä garamazdan, Yslamabadyň nukdaýnazaryndan “Transowgan” gaz proýekti häzirlikçe iň amatly proýekt bolup galýar. Sebäbi bu proýekte Aziýa ösüş banky bilen bir hatarda käbir beýleki kompaniýalar hem maýa goýmaga isleg bildirip gelýärler.

Türkmenistanyň hem Owganystanyň üstünden geçmeli gaz geçiriji proýekti bilen gaýtadan gyzyklanyp başlan häzirki pursatynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň energiýa boýunça baş maslahatçysy Rafik Paştun Kabulyň howpsuzlyk baradaky aladany aradan aýyrmaga ukyplydygyny belledi.

“Meniň pikirimçe, şeýle proýektiň howpsuzlygy Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan üpjün edilmeli we Owganystanyň ýaragly güýçleri 2011-nji ýyldan başlap, şeýle jogapkärçiligi öz boýnuna almaga taýýar bolar diýip, pikir edýärin. Netijede howpsuzlyk güýçleriniň 2011-nji ýylyň soňlaryna çenli şol regionda ýerleşdirilen halatynda bu proýektiň 2012-nji ýylyň başynda gurluşyk işlerine başlanylyp bilner” diýip, owganystanly wekil aýtdy.

Emma howpsuzlyk bilen bir hatarda Türkmenistanyň bu gaz geçirijini ýangyç bilen üpjün etmäge hakykatdan hem ýeterlik serişdesi barmy? Şeýle-de Hindistan bilen Päkistanyň we Owganystan bilen Päkistanyň arasyndaky ylalaşmazlyklar bu proýektiň amala aşyrylmagyna nähili täsirini ýetirer diýlen ýaly soraglar heniz doly aradan aýrylmady.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär. Häzir ýyllyk 75 milliard kub metr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliarda kub metre çykarmagy we onuň 180 milliard kub metrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG