Sepleriň elýeterliligi

Meksikadaky ýaragly hüjümde 15 adam heläk boldy


Meksikanyň resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, çarşenbe güni ýurduň Naýarit ştatynyň maşyn ýuwulýan stansiýasynda näbelli ýaragly ot açypdyr. Bu waka netijesinde 15 adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu hüjümiň sebäbi entek doly anyklanmady. Emma derňewçileriň çaklamasyna görä, bu waka guramaçylykly neşe jenaýatçylarynyň özara dawasy bolmagy mümkin.

Bu waka eýýäm soňky hepdäniň dowamynda amala aşyrlan üçünji şeýle hüjümdir.

Çarşenbe güni Meksikanyň prezidenti Felip Kalderon heläk bolan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi we jenaýatçy toparlaryň etmişini ýazgardy.

Soňky 4 ýylyň dowamynda Meksikada neşe bilen baglanşykly jenaýat toparlanyşyklarynyň özara dawalarynda 28,000 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG