Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýada müňlerçe adam pensiýa kanunyna protest etdi


Çarşenbe güni Fransiýada kabul edilen pensiýa ýaşy bilen bagly kanunyň garşysyna müňlerçe fransuzlar proteste çykdy. Olar Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozynyň bu kanuny ýatyrmagyny talap edýärler.

Habar gulluklarynyň berýän maglumatlarynda görä, ýurtda 270 töweregi mitingleriň geçirilmegine garaşylýar.

Pensiýa ýaşyny 60-dan 62-ä çenli uzaldýan bu kanun çarşenbe güni Fransiýanyň Milli Assambleýasy tarapyndan tassyklandy.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy bu kanuny 15-nji noýabrda tassyklajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG