Sepleriň elýeterliligi

Argentinanyň öňki prezidenti Kirşner aradan çykdy


Argentinanyň öňki prezidenti Nestor Kirşneriň aradan çykmagy sebäpli ýurtdaky ähli futbol oýunlary ýatyryldy.

Resmileriň berýän maglumatlaryna görä, Kalafate şäherinde ýaşaýan 60 ýaşyndaky Kirşneriň çarşenbe güni ýüregi durupdyr.

Kirşner 2003-2007-nji ýyllar aralygynda Argentinanyň prezidenti bolupdy. Ondan soň onuň aýaly Kristina Fernandez ýurduň prezidenti saýlanypdy.

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Kirşneriň ölümi sebäpli öz ýurdunda 3 günlük matam yglan etdi.

Nestor Kirşneriň ölümine Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Birleşen Milletler Guramasy we Halkara walýuta fondy gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG