Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda ýapon konsullygynyň ulagyna hüjüm edildi


Penşenbe güni Päkistanyň Karaçi şäherinde ýapon konsullygynyň ulagyna hüjüm edildi. Berilýän maglumatlara görä, hüjümde ýapon konsullygynyň iki sany päkistanly işgäri ýaralanypdyr.

Ýapon diplomaty Toskazu Isomuranyň aýtmagyna görä, ýaralananlaryň biri janpena, beýlekisi bolsa iş dolandyryjy bolup işlýär eken.

Şäheriň polisiýa başlygy Fayyaz Leghariniň aýtmagyna görä, konsullygyň iki işgäri bankdan pul böldürip, restorana baranda olara ýaraglanan näbelli adamlar ot açypdyr.
XS
SM
MD
LG