Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi pilleriniň Türkmenistana iberilmegine garşy çykylýar


Penşenbe güni Hindistanyň haýwan hukuklary boýunça PETA toparynyň wekilleri ýurduň daşky gurşaw ministri Jairam Rameşi Hindistanyň pillerini Türkmenistana ugratmazlyga çagyrdy.

Haýwan hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, Hindistanyň Merkezi haýwanat bagy boýunça wekilçiliginiň kanunlaryna laýyklykda, pilleri haýwanat bagyndan daşyna diňe çäklendirilen ýerlere çenli äkitmek bolýar.

PETA guramasynyň wekili Poorwa Joşipura “Hindistanyň hökümetiniň şeýle bikanunçylyga ýol bermegi, hatda muny goldamagy haýran galdyrýar” diýip, çykyş etdi.

Birnäçe gün mundan ozal Hindistanyň daşky gurşaw boýunça ministri Jairam Rameş türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň haýwanat bagyna wagtlaýynça iki piliň ugradyljakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG