Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda üç sany ýaragly hüjümçi öldürildi


Penşenbe güni Täjigistanyň hökümet resmileri ýurduň demirgazygyndaky Isfara raýonynda milisiýanyň geçiren reýdi wagtynda azyndan üç sany ýaragly hüjümçiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Isfara raýonynyň Çorkuh obasynyň ýerli administrasiýasynyň başlygy Nemat Olimow düýn Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu operasiýanyň başlamazyndan öň obanyň ýaşaýjylarynyň obadan wagtlaýynça çykarylandyklaryny aýtdy.

Nemat Olimow milisiýanyň operasiýasy wagtynda azyndan üç sany ýaragly hüjümçiniň öldürilendigini, ýene biriniň meýletinlik bilen özüni organ işgärlerine tabşyrandygyny, söweşijilerden biriniň bolsa gaçyp gutulandygyny mälim etdi.

Bu Isfara raýony Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhetleşýän ýeri bolan Fergana jülgesinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG