Sepleriň elýeterliligi

Ýolötende uly gaz gorunyň anyklanandygy habar berilýär


Penşenbe güni Türkmenistanyň resmi habar agentligi Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynda geçirilen täze barlaglaryň netijesinde bu ýatakda potensial derejede 21 trillion kubometr gaz zapasynyň barlygynyň anyklanandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, şeýle netijä «Türkmengeologiýa» Döwlet konserniniň spesialistleriniň geçiren barlaglarynyň esasynda gelnipdir.

2008-nji ýylda düýbi Britaniýada ýerleşýän «Gaffney, Cline and Associates» kompaniýasy bu Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň zapasyny potensial derejede 14 trillion kubometr töweregi diýip kesgitläpdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi «Türkmengeologiýa» Döwlet konserniniň geçiren täze barlaglarynyň bu gaz ýatagyndaky energiýa resurslarynyň möçberine has takyk baha bermäge mümkçinçilik berendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG