Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýadaky tebigy heläkçilikde ölenler 400-den geçdi


Üç gün mundan ozal Indoneziýada ýüz beren sunami we wulkan heläkçiligi netijesinde ölen adamlaryň sany şu günki güne çenli 400-den hem geçdi.

Indoneziýanyň resmileri sil heläkçiliginden soň henizem ýüzlerçe adamdan habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.

Hepdäniň duşenbe güni giçlik ýurduň Mentawi adalarynyň golaýynda ýüz beren 7.5 bal ýer yranmasy deňiz suwunyň joşmagyna hem-de birnäçe ilatly punktyň sil suwundan doly weýran bolmagyna getiripdi.

Şol günüň ertesi Indoneziýanyň Ýawa adasynda ýüz beren wulkan heläkçiliginde-de onlarça adam öldi.
XS
SM
MD
LG