Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyzlykdan öňki taryhymyzy ýatlasak, 27-nji oktýabr Türkmenistan Respublikasynyň döredilen günüdi. Öň köpmilletli sosialistik respublikalaryň düzüminde bolan Türkmenistan azyndan üç döwlete garaşlydy. Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Sähetmyradow ýaly röwşen pikirli, öňdebaryjylaryň adamlaryň tagallasy bilen Türkmenistany özbaşdak respublika öwürmek ideýasy resmi suratda hem açyk ýagdaýda 1924-nji ýylda öňe sürlüpdi. Şol ýylyň 12-nji iýunynda Russiýa Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti “Orta Aziýa respublikalarynyň milli bölünişigi hakynda” diýen karary kabul etdi. Soňra SSSR Merkezi ispolnitel komitetiniň 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçen 2-nji sessiýasy şol karary makullap, Türkmenistan SSR-ini döretmek hakynda karar çykardy. Şol karar hem iş ýüzünde amala aşyrylyp, häzirki Türkmenistan döwleti emele gelipdi.

Öňler bu sene aýratyn baýram güni hökmünde bellenmese-de, köpçülikleýin habar serişdelerinde giňden bellenilerdi. Aýratyn-da ýurduň döredilmeginiň tegelek senelerini dabaraly ýagdaýda bellemek däbi dowam edipdi. Şol belli senelere bagyşalanyp, dürli baýramçylyk we medeni çäreler geçirilerdi. Ýöne soňky ýyllarda ol sene ýatdan çykaryldy.

Garaşsyzlyk, şeýle-de Türkmenistan Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally ýazyjy hem publisist Ak-Muhammet Welsapar bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Ak-Munammet, bilşiň ýaly, Garaşsyzlyk gününi indi mukaddes baýramçylyk saýýarlar. Garaşsyzlygyň mukaddes saýylmagy gowy bolsa gerek?

A. Welsapar: Elbetde, Hudaýberdi, ol şeýle. Ýöne şol mukaddeslik dilde bolmaly däl. Eger-de ýurduň Konstitusiýasyny häkimiýetleriň özleri bozup ýören bolsa, halka şol Konstitusiýada ýazylan, görkezilen azatlyklar berilmeýän bolsa, Garaşsyzlyga mukaddeslik diýeniň bilen ol mukaddeslige öwrülip bilmez.

H. Hally: Ýene baýramçylyk günlerine gelsek, yurt garaşsyzlygyny alanynda, ýurduň öz iň esasy alamatlary bardy. Ilki bilen ene dilimize döwlet statusy berilmelidi. Sebäbi her bir döwletiň öz resmi dili bolmaly. Ikinjiden, ol döwletiň Konstitusiýasy bolmaly, onuň garaşsyzlygyny ykrar edýän Konstitusiýa. Şeýle hem döwletiň ýene käbir alamatlary: baýdak, gimn diýen ýaly alamatlar bardy. Şolar döredilende, şol meseleler öňe sürlende, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alanda, şoňa şaýat bolanlaryň biri sendiň.

A. Welsapar:
Hawa, elbetde, bize şeýle bagt ýetdirdi, onuň üçin ykbaldan razy bolmaly. Diri şaýatlar, Hudaýa şükür, bir ýa iki adam däl, olar kän. Türkmeniň milli garaşsyzlygy üçin göreşen adamlar, ynha, Nurberdi Nurmämmet bar, Amanmyrat aga bar. Hudaýberdi, seniň özüňem şol adamlaň arasynda bar. Atba-at sanap boljak başga-da birentek adamlar bar. Eger-de ötüp gidenleriň atlaryny ýatlamaly bolsa, ilkinji nobatda, şahyr Bapba Gökleňiň, ýazyjy Akmyrat Şiriň atlary ýatlanylmaly. Garaşsyzlyk üçin göreşen adamlaryň hormaty öz ýerinde bolmasa, onda birhili, göwnüňe, şol Garaşsyzlyk baýramam kem-käsleýin ýaly bolup görünýär. Emma bu baýramçylygyň kemisli bolmagynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki bu günki gün indi mukaddes diýilýän Garaşsyzlyk ozalynda şol garaşsyzlyga kes-kelläm garşy bolan adamlaryň eline düşdi. Olaram, elbetde, näme, döwlet garaşsyzlygyny halkyň peýdasyna däl-de, öz bähbitleri üçin ulandylar.

H. Hally: 27-28-nji oktýabryň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni diýlip alynmagy näme sebäpden? Näme üçin hut şol sene belli gün hökmünde saýlanyp alyndy?

A. Welsapar:
Onuň, meniň pikirimçe, iki sany sebäbi bar. Birinjisi, S.Nyýazow Sowet respublikalarynyň hemmesi öz garaşsyzlygyny yglan edýänçä, näden-nä bolarka diýip, ýöwsellik bilen garaşdy. Bizden soňra diňe Gazagystan galdy, ýöne olaryň ýagdaýy düýbünden başgaça, olar bilen deňleşmek kynrak bolar. Ikinji sebäbi, S.Nyýazow resmi suratda boýun almasa-da, türkmen döwletiniň döredilen gününiň haçandygyny gowy bilýän adam. Şonuň üçin Garaşsyzlygam şol güne gabat getirdi. Türkmenistanyň döwlet hökmünde döredilen güni 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry. Şol gün Gaýgysyz Atabaý öz ýakyn egindeşleri bilen bileleşip, ine, mysal üçin, olaryň arasynda Nedirbaý Aýtagyň adyny tutmak hökmany, şolaryň goldawyna daýanyp, halkyň goldawyna daýanyp, türkmen döwletini esaslandyrmagy hem-de ony biziň häzirki şu görýän çäklerimizde, territoriýamyzda ykrar etdirmegi başarypdy. Ana, şol günem türkmen döwletiniň iş ýüzünde, resmi suratda döredilen güni diýlip baýram etmäge mynasyp.

H. Hally: Ak-Muhammet, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda dürli baýramçylyklar. Meselem, Suw baýramçylygy, Medeniýet işgärleriniň baýramçylygy, At baýramçylygy, Haly baýramçylygy diýen ýaly seneler bar. Bizde hatda Gawun baýramçylygy-da bar. Emma häzirki resmi sanawda Türkmenistan döwletiniň döredilen güni diýen baýramçylyk ýok. Şoňa nähili garaýaň?

A. Welsapar:
Elbetde, türkmen döwletiniň döredilen güni biz üçin esasy iki sany baýramçylygyň biri bolmaly. Eger Garaşsyzlyga şeýle derejede guwanylyp baýram edilýän, toýlanýan bolsa, onda türkmen döwletiniň esaslandyrylan güni, haýsydyr bir formada-da bolsa, ykrar edilen günem hökman şol derejedäki, hatda şondanam beýik baýramçylyk bolmaly. Eger-de Gaýgysyz Atabaý 1924-nji ýylda türkmen döwletini döredip, ony häzirki çäklerinde ykrar etdirmedik bolsa, onda biziň garaşsyzlyk baýramymyzam bolmasa bolmazdy. Diýmek, häzirki zaman türkmenleriniň guwanjynyň gözbaşy 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan gaýdýar. Onsoň beýle beýik senäni nädip kiçi baýramçylyklar bilen garyşdyrjak?!

H. Hally: Diýmek, Türkmenistanyň döredilen güni öz ähmiýeti boýunça iňňän ýokary bolmaly-da?


A. Welsapar: Iňňän ýokary bolmaly. Dünýä praktikasyna seretseň, islendik demokratik ýurdy alsaň, şol döwletiň öz döredilen güni hökman ullakan baýramçylyk edilýär. Sebäbi dünýäde şeýleräk bir ýagdaý bar: döwletleriň köpüsi ilki haýsydyr bir formada döreýär-de, ýöne bada-bat milli garaşsyzlygyny alyp bilenok. Onsoň pylança wagt geçensoň, öz milli garaşsyzlygyna gowuşýar. Şeýle ýagdaýda diňe milli garaşsyzlygy, hamana şol döwletiň döredilen güni hökmünde baýram etmek, öz taryhyňy garyplaşdyrmak bolýar, ony gysgaltmak, kelteltmek bolýar. Oňa kembaha garamak bolýar.

H. Hally: Onda, seniň pikiriňçe, näme etmeli?


A. Welsapar: Eger-de Türkmenistanyň döwlet hökmünde ýüze çykan, dörän güni baýram edilse hem-de soňra onuň döwlet hökmünde garaşsyzlyk alan güni baýram edilse, onda bu talabalaýyk bolardy.

H. Hally: Meselem. Takygrak aýtsak?

A. Welsapar: Meniň pikirimçe, 27-nji oktýabr gününi döwletiň döredilen güni hökmünde toýlanylsa, ertesi 28-nji otýabram şol döredilen döwletiň Garaşsyzlyk alan güni diýlip baýram edilse, onda örän gowy bolardy. Bu halkyň göwnünden turardy diýip, men umyt edýän. Eger başgaça bolsa onda bu öz döwletiňi döreden adamlary unudyp, onsoň onuň garaşsyzlygyny sen nädip mukaddes diýip, sylap biljek?

H. Hally: Ak-Muhammet, meniň ýene-de Garaşsyzlyk gününe dolanasym gelýär. Hakykatdanam, bu uly baýramçylyk. Geljekde, belki, şeýle pikirlere-de üns berler diýip umyt edýäris.

A. Welsapar:
Men sözümiň ahyrynda bu beýik sene bilen, türkmen döwletiniň döredilmegi – oňa bu ýyl 86 ýyl dolýar! – hem-de döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy bilen bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG