Sepleriň elýeterliligi

Jemgyýetçilik aňy... ol näme üçin doňup dur?


“Agzybirlik” halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow

“Agzybirlik” halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow

Tebigatda ýa-da jemgyýetçilik durmuşynda tötänleýin dörän wakanyň aňyrsynda entek aňymyza belli bolmadyk zeruryýetiň esasyny düzýän sebäbiň ýatandygyny materializmiň «Tötänlik – aňlanylmadyk zeruryýetdir» formulasy tassyklaýar.

Yslam äleminde ulanylýan «Alladan biidin çöp başy gymyldamaz» diýen postulaty erkinräk ulanyp, «Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz» diýsegem ýene-de şol netije çykýar.

Marksistik-leninçilik filosofiýa tebigatda, şonuň bilen birlikde jemgyýetde-de sebäpsiz wakanyň bolmaýandygyny studentlik ýyllarymyz dürlü-dürli mysallar arkaly biziň berlen zady dannaman kabul edýän beýnimize gowy siňdiripdi. Şeýle etmeklik filosofiýadan okadýan mugallymlara kynçylyksyz başardýardy. Ýogsa «Broun hereketleri» adyny alan prosesiň tötänleýin prosesdigini, şol prosesiň tebigydygyny «fizika» dersinden okadýan mugallymlar irräk düşündiripdiler. Emma berlen taglymatlary, onda-da marksistik-leninçilik filosofiýanyň taglymatlaryny dannabam bir gör: studentlik biletiň bilen hoşlaşandygyňy bilmän galarsyň.

Dogrusy, «şeýleki zatlara ol döwürler düşüner ýaly, häzir bir düşünýäňmi?» diýilse-de jogap tapylar öýdemok. Ýöne ýurtda bolýan käbir wakalary görýäň-de, berkden-berk tutulýan postulatlardyr ýörelgeleriňem güýjüniň gaçýandygyny görüp, oýlananyňy duýman galýaň. Belki, şeýle proses bolmalydyr: absolýut zat barmy?! Postulatlaram sredanyň döreden önümi bolup, şol sredadan daşarda ähmiýetini ýitirýän bolarly. Şeýle ýagdaý matematikada «funksiýanyň hereket edýän oblasty» diýen, çäkliligi aňladýan termin bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň raýatlaram çäklendirilen. Arkaýyn gadam urjak ugruň ýokdur: daşyň serhetlidir. Şol serhet biziň ýurduň daşyna gitmezligimiz üçin goralýar. Hemme zatda şeýle. Ýogsa kanunlarymyz gowam. Onsoň uwnup - çydap bilmedik adamlar döwletimiziň öz çykaran kanunlary boýunça işlemeýänliginden, şol kanunlarda jar edilýän sosial normalary, demokratik hukuklary öz raýatlaryna rowa görmeýänliginden nalaýarlar. Şeýle ýagdaýyň sebäbini köplenç döwlet ýolbaşçylarynyň ýolbaşçy hökmünde uçdantutma taýýarlyksyzdygyndan, sowatsyzlygyndan gözleýärler. Kä kişi şeýle ýagdaýyň sebäbini olaryň alan terbiýesinden, medeniýetinden, adamkärçilik ýagdaýyndan, olary gurşap alan dogan-garyndaşlyk hem-de tireparazlyk ýaly gatnaşyklardan we ýene-de şolara mahsus onlarça nogsanlyklardan görýär.

Az adam şeýle ýagdaýyň sebäbini ýurtdaky graždan jemgyýetiniň durky, syýasy partiýalaryň ýoklugy we hut özüniň hem-de özi ýaly raýatlaryň graždan hem syýasy pozisiýalarynyň kesgitsizligi bilen düşündirýär.

Gymmatlyklar bulaşdyrylýar

Umuman, gürrüňçilikde agzalmaýan sebäp ýok. Olaryň hemmesiniňem bolýan wakalara degişlilikde özüne ýeterlik orny bar. Kemter ýeri, şol sebäpleriň köplenç ýagdaýda ähmiýetiniň derejesi kesgitlenilmeýär-de, gymmatlyklar bulaşdyrylýar. Gürrüňiň kesgitleýji güýji pes bolýar. Mümkin, şonuň üçindir, jibrinýänleriň içinde hereket etjek, syýasy partiýa gurjak döräbermeýär. Iki-ýeke, töwekgelçilik bilen, döwleti hem döwlet apparatyny tankyt edip utandyrjak, iň bolmanda, jemgyýeti oýarjak bolýanam bar. Emma Nyýazowyň lýumpen-proletariat derejesine ýetiriberen jemgyýet agzalary oýanmakdan gorkýar. Olar indi her ýylyň başyna oklanýan 10 prosente maýyl.

Ýolbaşçylar bolsa boluşlaryndan utanyp, kanuna ýol beriberseler ilkinji saýlawda wezipelerinden dynjakdyklaryny bilýärler. Onsoň olar telekeçilik
Özümiziň il bolup aglamaga-da gorkýandygymyza gynanýaň.
etsinlermi? Olar, öňde bir jenaýatkäriň “men oka bolamok” diýşi ýaly, halal zähmete bolmaýarlar ahyryn. Şeýle ýagdaýda bizde formasy boýunça demokratiýanyň bolup biläýjek strukturalaryny özünde jemlän, mazmuny boýunça feodal döwletde edilýän talaplaram ödemeýän döwlet ulgamy dowam edýär. Filosofiki taglymata görä, formasynyň mazmunyna gabat gelmeýänligi üçin, bu öz-özünden dargap gidäýmeli ýaly. Emma dargaýanok.

Şu ýerde aglamaýan oglana emme berilmeýändigi baradaky gadymy nakylymyzyň entägem ähmiýetini ýitirmändigine geň galýaň. Özümiziň il bolup aglamaga-da gorkýandygymyza welin gynanýaň. Döwletimiziň häzirki ýagdaýynyň bolsa tötänlik däl-de, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durkundan dömüp çykan zeruryýetdigine göz ýetirýäň.

Nurberdi Nurmämmedow aşgabatly graždan aktiwisti, “Agzybirlik” halk hereketiniň egindeş başlygy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG