Sepleriň elýeterliligi

Türkmen manadyna 17 ýyl


Manatlaryň täze görnüşleri Beýik Britaniýanyň «De La Rue International Limited» kompaniýasynyň ýardamy esasynda taýýarlanyldy.

Manatlaryň täze görnüşleri Beýik Britaniýanyň «De La Rue International Limited» kompaniýasynyň ýardamy esasynda taýýarlanyldy.

Şu gün, 1-nji noýabrda, Türkmenistanyň milli walýutasynyň — manadyň dolanyşyga girizilmegine 17 ýyl bolýar.

1991-nji ýylda Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alsa-da, onuň öz milli walýutasy ýokdy. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistan öz çäginde SSSR-iň rublyny ulanypdy.

Milli walýutasyz Türkmenistan köp kösençlikleri başdan geçirmeli bolupdy. Sebäbi SSSR-iň öňki respublikalary öz walýutalaryny çalt dolanyşyga girizdiler we dolanyşykdan aýrylan rubllary Türkmenistana akdyrmaga başladylar. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetine uly zeper ýetirýärdi.

1993-nji ýyldan manadyň dolanyşygy girizilenden soň, Türkmenistanyň çäginde galan rubllaryň Orsýede akdyrylandygy, bu işde belli adamlaryň juda ummasyz baýlyk toplandyklary barada hem aýdylýar.

Milli walýutada kimiň keşbi bolmaly?

Bu sorag milli walýutany dolanyşyga girizmek barada mesele ýüze çykan badyna döräpdi. Şol wagtlar heniz erkin dem alýan ýurduň köpçülikleýin habar beriş seridelerinde bu babatda gaty kän ara alnyp maslahatlaşylypdy. Ahyrsoňunda köpçüligiň pikirine laýyklykda, türkmeniň klassyk şahyry Magtymguly Pyragyda saklanylypdy.

Ýöne Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow özüniň çykyşlarynyň birinde Magtymgulynyň keşbiniň kanonikidigini aýdyp, onuň şekilini milli manatda goýulmagynyň maksada laýyk däldigini ýaňzydypdy.

1992-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýygnagynda deputatlaryň biriniň teklibi bilen milli walýuyta ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň keşbini goýmak teklip edilipdi. Netijede 1993-nji ýylda dolanyşyga girizilen 10, 20, 50, 100, 500 manatlyklarda Nyýazowyň keşbi goýuldy.

Manadyň ähli kupýuralarynda diňe ýeke-täk şahsyýetiň suraty bolmaly diýlen düşünje rus rublundan ugur alnany üçin bolupdy. Rus rublunyň iri kupýuralarynyň ählisinde Leniniň suraty bardy.

Ýöne 2009-njy ýylda manadyň täze denominirlenen kupýuralarynda dürli döwürlerde türkmen halkynyň şan-şöhratyny artdyran taryhy şahsyýetleriň goýulmagy ýeke-täk şahsyýetiň suraty bolmaly diýlen düşünjäni aradan aýyrdy.

Manadyň hümmedi

1993-nji 1-nji noýabrynda 2 türkmen manady 1 amerikan dollaryna barabar bolupdy. Emma bu hümmet bary ýogy iki aýa çenli-de saklanyp bilmedi. Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar sebäpli, manadyň hümmedi günsaýyn pese gaçyp başlady.

1998-nji ýylyň başynda milli walýutanyň hümmedi 1 amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda 5200 manat bolupdy. Manadyň bu resmi kursy tä 2008-nji ýyla çenli saklanyldy. Emma «gara bazarda» welin manadyň dollara bolan gatnaşygy 1998-nji ýylyň güýzünden pese gaçyp başlady we ol 2002-nji ýyla çenli 24000 manada çenli aşak düşdi.

G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidentligine saýlanansoň, milli manady reforma etmäge girişdi. 2008-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap ýurtda daşary ýurt walýutasynyň milli manat baradaky ýeke-täk hümmeti resmi ýagdaýda girizildi. «Gara bazaryň» kursy bilen resmi kurs deňleşdirilip, 1 dollar 14,321 manada getirildi. Bu kurs häli-häzirem şol durşuna saklanylýar.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň taryhynda ýene bir waka boldy. Ýurduň ykdysadyýetinde milli manadyň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşdyrmak, hasaplaşyklary geçirmegi aňsatlaşdyrmak maksady bilen manadyň denominasiýasy geçirildi. Köne manat 5000 esse azaldyldy. Häzir 1 amerikan dollary 2,85 manada deň.

Manatlaryň täze görnüşleri Beýik Britaniýanyň «De La Rue International Limited» kompaniýasynyň ýardamy esasynda taýýarlanyldy.

Manadyň denominasiýasy ýurtda hiç bir kynçylyksyz amala aşyryldy. Denominasiýa 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabr aralygynda amala aşyryldy. Şol döwürde milli manadyň köne nusgalary täze nusgalary bilen bir hatarda nagt hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerinde kanuny töleg serişdesi hökmünde ulanyldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG