Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada regionlarynyň ýerli geňeşlerine saýlawlar geçirildi


Ýekşenbe güni Ukrainanyň regionlarynyň ýerli geňeşlerine hem-de şäherleriň merligine saýlawlar geçirildi.

Saýlawlardan öň ilat arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklaryň netijesine laýyklykda, bu saýlawlarda ýurduň merkezi we demirgazyk regionlarynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň «Regionlar» partiýasynyň wekilleri orunlaryň aglaba köplügine eýe bolarlar diýlip garaşylýar.

Uzynlygy ýarym metrlik saýlaw býulleteni 50-ä golaý partiýanyň wekillerini öz içine alýar.

Ukrainanyň oppozision partiýalary bu saýlawlaryň öňýany «Regionlar» partiýasyny sesleri galplaşdyrmaklyga synanyşýanlykda aýyplap, çykyş etdiler.

Häzirki wagt ýurtdaky 33 müň sany ýerli saýlaw komissiýalarynyň aglabasyna «Regionlar» partiýasynyň wekilleri ýolbaşçylyk edýärler.
XS
SM
MD
LG