Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýadaky tebigy heläkçilikde ölenler 435-e ýetdi


Geçen hepdäniň duşenbe güni Indoneziýada ýüz beren sunami we wulkan heläkçiligi netijesinde ölen adamlaryň sany şu günki güne çenli 435-e ýetdi.

Indoneziýanyň resmileri sil heläkçiliginden soň henizem 110 adamdan habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.

Hepdäniň duşenbe güni giçlik ýurduň Mentawi adalarynyň golaýynda ýüz beren 7,7 bal ýer yranmasy deňiz suwunyň joşmagyna hem-de birnäçe ilatly punktyň sil suwundan doly weýran bolmagyna getiripdi.

Şol günüň ertesi Indoneziýanyň Ýawa adasynda ýüz beren wulkan heläkçiliginde-de onlarça adam öldi.

Bu wakadan bäş gün geçenden soň, hepdäniň anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu tebigy heläkçiliklerde çekilen adam ýitgilerine gynanç bildirip, Indoneziýanyň prezidentine ýörite gynanç notasyny iberdi.
XS
SM
MD
LG