Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-a partlaýyjy ugradanlykda güman edilýän ýaş gyz tussag edildi


Ýekşenbe güni Ýemeniň paýtagty Sanaada howpsuzlyk gulluklary uçar arkaly Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna içi partlaýyjy maddaly korobkalary ugradanlykdy güman edilýän bir ýaş gyzy tussag etdiler.

Habar agentlikleriniň maglumatynda bu tussag edilen 22 ýaşly Hanan al-Samawiniň ýerli uniwersitetiň bir studentidigi aýdylýar.

«Assoşieýted Press» habar agentligi bu waka dahyllylykda güman bildirilip studentiň 45 ýaşly ejesiniň hem tussag edilendigini habar berdi.

Ýemeniň resmileri häzirki wagt bu waka bilen baglanyşykly galp dokumentleri ulanan käbir beýleki şahsyýetleriň hem gözlenilýändigini mälim etdiler.

Bu gürrüňi edilýän adamlar 29-njy oktýabrda adaty poçta ýükleri görnüşinde uçarlar arkaly Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna içi partlaýyjy maddaly korobkalary ugradanlykda aýyplanylýarlar.

Şol gürrüňi edilýän korobkalardan biri Ýemenden Dubaýa baran uçardan, beýleki biri bolsa Ýemenden Britaniýa baran uçardan tapyldy.
XS
SM
MD
LG