Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanyň ilçisi Jabrail Butros Jear Aşgabada sapar edýär


Şu günler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada Liwan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jabrail Butros Jear sapar edýär.

Ilçi Jabrail Butros Jearyň baş edarasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda ýerleşýär.

Özüniň Aşgabada saparynyň barşynda Liwanyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliklerinde duşuşyklar geçirdi.

Bu duşuşyklarda taraplar Türkmenistan bilen Liwanyň özara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG