Sepleriň elýeterliligi

Stambulyň Taksim bulwaryndaky partlamada 22 adam ýaralandy


Ýekşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherindäki Taksim bulwarynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan 22 adam ýaralandy.

Stambulyň häkimi Huseýin Awni Mutlu habarçylara beren interwýusynda ýaralananlardan 10-synyň polisiýa işgärleridigini, 12-siniň bolsa adaty ýaşaýjylardygyny aýtdy.

Habar serişdeleriniň maglumatynda bu partlamanyň şol Taksim bulwarynda tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň üýşüp duran ýerine golaý ýerde amala aşyrylandygy aýdylýar.

Parlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG