Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada we Sankt Peterburgda ýygnanyşyklar soňlandy


Moskwanyň merkezindäki parahatçylykly ýygnanyşyk soňlandy, emma oňa gatnaşanlaryň birnäçesi tussag edildi.

Bu ýygnanyşyk her aýyň 31-ne, rus Konstitusiýasynyň 31-nji maddasynda kepillendirilýän ýygnanyşyk hukugyna ünsi çekmek üçin geçirilýär.
Moskwa häkimiýetleri Triumfalnaýa meýdançasynda geçiriljek ýygnanyşyga rugsat berdiler.

Rus habar gulluklary bu ýere 800 çemesi adamyň ýygnanandygyny ýazýar, emma "Assoşeýted press" olaryň sanynyň 2000 çemesidigini aýdýar.
Bu demonstrasiýa gatnaşýanlaryň köpüsi Orsýetiň hukuk toparlaryndan.

Moskwa polisiýasy 27 adamyň tussag edilendigini, olaryň köpüsiniň ýol hereketini baglamaga synanandygyny aýdýar.

Sankt Peterburgda hem rugsat berilmedik ýygnanyşyk geçirildi we oňa 300 çemesi adam gatnaşdy.

Sankt Peterburg polisiýasy iki sany aýry ýere jemi 200 adamyň ýygnandygyny we olaryň 113-siniň tussag edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG