Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda jeňçilere garşy operasiýada 37 adam öldürildi


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň Bagdadyň merkezindäki Katolik ybadathanasynda geçiren operasiýasy netijesinde azyndan 37 adam öldi.

Bu operasiýa ýaragly adamlar tarapyndan zamun alnan onlarça adamy azat etmek üçin geçirildi.

BBC zamun alnanlaryň 25-siniň, Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň 7 agzasynyň we zamun alyjylaryň 5-siniň ölendigini aýdýar.

Ýaragly adamlar ilki pul çalşylýan ýere hüjüm edip, iki sakçyny öldürdiler. Soňra olar ybadathana gaçyp baryp, Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, ol ýerde 40 çemesi adamy zamun aldylar.

Azat edilen zamunlaryň biri ýaragly adamlaryň ybadathana giren batlaryna ruhanyny öldürendiklerini aýtdy. Olar, aýdylmagyna görä, al-Kaýda tussaglarynyň boşadylmagyny talap edipdirler.
XS
SM
MD
LG